TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

«Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda

I. 2024-nji ýylyň 9-njy fewralyndaky «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2024 ý., № 1, 1-nji madda) 3-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«31-nji mad­da. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň plankasynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 12-nji apreli.

* * *

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň plankasynyň ýazgysy

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen. Onuň merkezinde Magtymguly Pyragynyň eline kitap alyp duran milli lybasdaky altyn çaýylan şekili ýerleşdirilen.

Plankanyň daşky gyrasyna altyn çaýylan.

Ýubileý medalynyň plankasynyň ölçegi ini 24 mm we beýikligi 10 mm bolup, ol mis bilen nikeliň garyndysyndan ýasalan.