TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda Bütindünýä saglyk gününiň dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigi bellenilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp baýram bilen mähirli gutlaýarlar we tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ähli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew mähirli gutlaglaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutlag hatlaryny iberdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem mähirli gutlaglaryny iberdiler.

(TDH)