TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň “Mer­ke­zi Azi­ýa äh­lu­mu­my ho­wa me­se­le­le­ri­niň öňün­de: bi­le­lik­dä­ki aba­dan­çy­lyk üçin je­bis­lik” at­ly hal­ka­ra fo­rum­da­ky ÇY­KY­ŞY

(Sa­mar­kant şä­he­ri, 2025-nji ýy­lyň 4-nji ap­re­li)

Hor­mat­ly Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti!
Hor­mat­ly Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy­la­ry!

Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» for­ma­ty­nyň çä­gin­de he­mi­şe aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň esa­sy we­zi­pä­miz hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy we ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek­den hem-de ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin üýt­gew­siz şert­le­ri dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Umu­man, biz ho­wa gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri ba­bat­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ni gel­je­gi uly hyz­mat­daş ha­sap­la­ýa­rys. Esa­sy hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ra, şert­na­ma­la­ra we yla­la­şyk­la­ra, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na hem-de Pa­riž yla­la­şy­gy­na bi­le­lik­de yg­rar­ly­ly­gy­myz şeý­le hyz­mat­daş­ly­ga esas bo­lup dur­ýar.

Şun­da iň mö­hüm me­se­le kö­mür­tur­şy ga­zy­ny we me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak­dyr. Soň­ky dö­wür­de Türk­me­nis­tan bu ugur­da köp iş­le­ri ama­la aşyr­dy. 2023-nji ýyl­da me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça to­par dö­re­dil­di. Şol ýy­lyň de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­sy­na go­şu­lan­dy­gy res­mi taý­dan yg­lan edil­di. Hö­kü­met ho­wa­da me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­gi­niň “Ýol kar­ta­sy­ny” ka­bul et­di. Ne­ti­je­de, di­ňe 2024-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li Türk­me­nis­tan­da me­tan zy­ňyn­dy­la­ry 11 gö­te­rim azal­dy. Bu bol­sa me­ýil­na­ma­da bel­le­nen de­re­je­den ýo­ka­ry­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň eko­lo­gi­ýa baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek hem hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ru­dyr. Bu baş­lan­gyç­lar hem­me­le­re mä­lim bo­lup, se­bit we äh­lu­mu­my hä­si­ýe­te eýe­dir. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek we ýa­pyk aý­la­ny­şyk­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy gör­kez­mek bo­lar. Ola­ry dur­mu­şa or­naş­dyr­mak­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy­na bil bag­la­ýa­rys.

ÝB bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ener­ge­ti­ka, se­na­gat, ulag, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň önüm­çi­lik we dur­muş üp­jün­çi­li­gi bi­len bag­ly beý­le­ki wa­jyp ugur­la­ryn­da «ýa­şyl» ge­çi­şi öz içi­ne al­ýar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ni bu ba­bat­da bi­le­lik­de düýp­li we uzak möh­let­le­ýin iş­le­mä­ge ça­gyr­ýa­rys. «Ýa­şyl» ge­çiş bo­ýun­ça gep­le­şik­le­ri iş­jeň­leş­dir­me­gi tek­lip edip, ony sam­mi­ti­mi­ziň aý­ra­tyn iş ug­ry hök­mün­de gör­kez­me­gi hem-de ýa­kyn gel­jek üçin öza­ra gat­na­şyk­la­ryň anyk me­ýil­na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýa­rys.

Mö­hüm me­se­le­ler ba­ra­da aý­da­ny­myz­da, suw me­se­le­si­ni aý­ra­tyn bel­läp geç­mek is­le­ýä­rin. Bu me­se­le bi­ziň se­bi­ti­miz üçin der­wa­ýys äh­mi­ýe­te eýe­dir hem-de bu ugur­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň teh­no­lo­gik we usu­ly­ýet taý­dan ýar­dam ber­me­gi bar bo­lan kyn­çy­lyk­la­ry çöz­mek­de oňyn tä­sir edip bi­ler­di. Suw sy­ýa­sa­ty me­se­le­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň ga­raý­şy mä­lim­dir. Bu me­se­le­le­ri çöz­mek­de üç esa­sy ýö­rel­ge­den ugur al­ma­ly: olar hal­ka­ra hu­ku­gy ber­jaý et­mek; öza­ra bäh­bit­le­ri ha­sa­ba al­mak; bu işe hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, BMG-niň gat­naş­ma­gy­dyr. Mer­ke­zi Azi­ýa­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny, ösü­şi we hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek, se­bi­tiň ser­he­tüs­ti der­ýa­la­ry­nyň su­wun­dan peý­da­lan­ma­gyň usul­la­ry­ny ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­na Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ryn­da suw­dan peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça BMG-niň Se­bit ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­ja se­ret­me­gi tek­lip et­di.

Se­bit­de eko­lo­gik, dur­muş-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer aba­dan­çy­ly­gyň esa­sy me­se­le­le­ri­niň bi­ri-de Ara­ly ha­las et­mek­dir. Türk­me­nis­tan bu me­se­lä­niň hal­ka­ra de­re­je­de has anyk we mak­sa­da gö­nük­di­rilip ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­na ga­raş­ýar. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ry esa­syn­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­ne ýar­dam ber­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na bil bag­la­ýar. Bu res­mi­na­ma­la­ryň do­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin bi­le­lik­de tu­tan­ýer­li iş­le­me­gi tek­lip ed­ýä­ris.

Sö­zü­miň ahy­ryn­da sam­mi­tiň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan­dy­gy üçin Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mi­ro­mo­no­wiç Mir­zi­ýo­ýe­we, myh­man­sö­ýer­li­gi hem-de mä­hir­li gar­şy alan­dyk­la­ry üçin do­gan­lyk Öz­be­gis­ta­nyň hal­ky­na ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin.