TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Gazagystan Respublikasy häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly barýar. Ýurduňyz bu şanly güni durmuş-ykdysady ösüşde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikdäki abraýyny berkitmekde uly üstünlikler bilen garşy alýar” diýlip, gutlag hatynda nygtalýar. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, onuň ýurtlarymyzyň we doganlyk halklarymyzyň bähbidine hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

(TDH)