TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi ahlak päkliginiň, rehimdarlygyň, dostlugyň, adamzadyň ruhy kämillige bolan ymtylmalarynyň nyşany bolan bu nurana baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, ata-babalarymyzyň ruhy we ahlak däplerini sarpalamagyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini belleýärler. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Mübärek Oraza baýramy bilen döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)