TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu şanly waka hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän syýasatynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň nyşany boldy.

Şu günler döwlet Baştutanymyzyň adyna köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň üçünji gezek ykrar edilmeginiň ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki barha artýan abraýyny görkezýändigi bellenilýär. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi bu möhüm waka bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň, tutuş adamzadyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutladylar.

(TDH)