TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigiň DÜZGÜNNAMASY

Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet üstünliklerine besleýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Milli ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz esasynda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berip, watansöýüji, ynsanperwerlik, türkmençilik ýol-ýörelgelerine ygrarly nesiller kemala gelýär. Milli Liderimiziň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri hem bu işlerde nusga alarlykdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Bäsleşigiň maksady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar geljegiň eýeleri bolan döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalaryndan ugur alnyp geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekden, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmekden, zehinli ýaşlary ýetişdirmekden, olaryň eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik terbiýesini kämilleşdirmekden hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň umumy düzgünleri

Çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşigine 4 (dört) ýaşdan 11 (on bir) ýaşa çenli çagalar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guramaçylyk we eminler toparynyň düzümi tassyklanylýar.

Döredijilik bäsleşiginiň eminler toparynyň agzalarynyň hersiniň bir sesi bardyr. Bäsleşigiň netijeleri boýunça çözgütler eminler topary tarapyndan kesgitlener, olaryň gelen netijesi gutarnykly çözgütdir.

Bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri

Bäsleşik üç ugur boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçiriler:

I. Türkmen milli oýunlary.

II. Aýdym-saz we tans sungaty.

III. Surat çekmek we amaly-haşam sungaty.

Bäsleşigiň birinji ugrunda oňa gatnaşýan çagalar türkmen milli oýunlary «Çeke-çeke», «Bäş daş», «Agsak durna», «Aşyk oýny», «Ýüzük bukdy», «Düzzüm», «Ýaglyga towusmak» ýaly milli oýunlarda özara bäsleşerler.

Bäsleşigiň ikinji ugrunda oňa gatnaşýan çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerini, parahatçylygy we dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy şirin aýdym-sazlarynda wasp ederler, dürli aýdym-saz gurallaryna ezberlik bilen erk edip, ukyp-başarnyklaryny görkezerler hem-de dürli tanslary ýerine ýetirmekde bäsleşerler.

Bäsleşigiň üçünji ugrunda parahatçylygy, bagtyýar çagalygy, ýurdumyzyň hem-de Arkadag şäheriniň gözelliklerini, bedew atlarymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän suratlary çekmek hem-de amaly-haşam sungatynyň eserlerini döretmek boýunça özara bäsleşerler.

Bäsleşigiň netijeleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2025-nji ýylyň 29-njy martynda — haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 4 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde geçiriler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Habarlaşmak üçin:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi.
Telefon belgisi: (+99312) 57-18-57.
Elektron salgysy: tmyg.arkadag_shaheri@sanly.tm