
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly KARARNAMASY
Baş Assambleýa,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80 A belgili hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285 belgili Kararnamalaryna salgylanyp,
şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek hakynda 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71/275 hem-de halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti hakynda 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky 75/28 Kararnamalaryna salgylanyp,
her bir döwletiň öz daşary syýasatyny halkara hukugyň kadalaryna we ýörelgelerine, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda garaşsyz kesgitlemäge özygtyýarly hukugyny tassyklap,
käbir döwletleriň milli bitaraplyk syýasatynyň degişli sebitlerde we ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berip hem-de dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeläp biljekdigini aýratyn belläp,
şeýle milli bitaraplyk syýasatynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň ulanylmagyny goldamaga, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak, ylalaşdyryjylyk, hoşniýetli hyzmatlary amala aşyrmak, gepleşikleri geçirmek, bu işe ýörite wekilleri çekmek, resmi däl geňeşmeleri geçirmek, parahatçylyk döredijilik we ösüş babatda maksada gönükdirilen işleri alyp barmak görnüşinde öňüni alyş diplomatiýasyny goldamaga gönükdirilendigini beýan edip,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini, sebitiň ýurtlary, dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň we oňyn ornuny ykrar edip,
Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylygynda 1995-nji we 1996-njy ýyllarda Aşgabatda yzygiderli täjigara gepleşikleri kabul edýän tarap hökmünde başlangyçly çykyş edip, täjigara gepleşiklere goşan goşandyny, şeýle-de 1997-nji ýylda Owganystan boýunça halkara forumy we owganara gepleşikleri kabul edýän tarap hökmünde çykyş edip hem-de owganystanlylaryň ylalaşyk meseleleri boýunça inklýuziw dialog üçin Türkmenistanyň çägini ulanmagy teklip etmegini dowam etdirip, Owganystandaky gapma-garşylyklary kadalaşdyrmaga goşýan goşandyny aýratyn belläp,
Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durmuş, ykdysady, medeni, ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldap,
hemişelik Bitaraplyk syýasatyna pugta eýermek hem-de her ýyl parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmagyň serişdesi hökmünde Bitaraplygyň ýörelgelerini, gymmatlyklaryny ilerletmäge bagyşlanan halkara maslahatlary geçirmek arkaly halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan gymmatly goşandy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip,
“Bitaraplyk syýasaty we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň eýeleýän orny” atly halkara maslahatyň 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen Jemleýji resminamasyna salgylanyp, (Aşgabat Jemleýji resminamasy),
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78/266 belgili Kararnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini, şeýle hem 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky 76/299 belgili Kararnama laýyklykda, Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýlip yglan edilmegini goldap,
2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky 72/7, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelindäki 75/272 we 2023-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky 77/273 belgili Kararnamalara salgylanyp hem-de Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň başlangyjy boýunça, halkara jemgyýetçiligiň goldamagynda 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy höweslendirmek we şeýle hyzmatdaşlyga ýardam bermek, mümkin bolan gapma-garşylyklary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak, sebitde durnukly ösüşi goldamak arkaly içerki we transmilli wehimlere täsir etmegiň hasabyna Merkezi Aziýa döwletlerine sebit meselelerini çözmäge ýardam bermekde möhüm orun eýeleýändigini ykrar edip,
Birleşen Milletler Guramasynyň adatdan daşary ynsanperwerlik kömegi babatda tagallalaryň birleşdirilmegini pugtalandyrmak boýunça ýolgörkeziji ýörelgelerine, şol sanda bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda, sebitde çylşyrymly adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy hadysalar ýüze çykanda, ynsanperwerlik kömegini bermekde hem-de ibermekde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän oňyn ornuny ykrar edip,
sebitiň ösüşine ýardam edýän özara baglanyşygy üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykdysady we geoykdysady ugurlarynyň möhümdigini nygtap hem-de şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalarynda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek we ygtybarly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça başlangyçlaryny goldap,
1995-nji ýylyň 18 — 20-nji oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 11-nji maslahatynyň Jemleýji resminamasynda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldandyklaryny belläp,
şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldaýan we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň ornuny nygtaýan Kararnamalaryny belläp,
1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini pugta goldaýandygyny gaýtadan beýan edýär;
2. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk derejesine hormat goýmaga we goldamaga hem-de onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmaga gaýtadan çagyrýar;
3. Gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, şol sanda olary ýörite ylalaşdyryjy merkezleri döretmek arkaly kadalaşdyrmak boýunça parahatçylykly gepleşikleri geçirmek üçin bitarap ýurtlaryň çäklerini netijeli ulanmagy maslahat berýär hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda öz çäginde Parahatçylygyň bähbidine ylalaşdyryjy merkezi döretmek barada agza döwletleriň we BMG-niň ulgamynyň baha bermegini talap edýän teklibini belleýär;
4. 2020-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen hem-de gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň düýp sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwer meseleleri çözmek hem-de halkara gatnaşyklarda bitaraplygy ilerletmek üçin giň köptaraplaýyn dialogy goldamak boýunça Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler derejesinde geçirilen ilkinji duşuşygynda kabul edilen Jemleýji jarnamanyň esasynda hereket edýän parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary — resmi däl toparynyň işini belleýär;
5. Baş sekretardan agza döwletler we beýleki degişli taraplar bilen maslahatlaşyp, bar bolan serişdeleriň çäklerinde hem-de toplanan tejribäni we halkara gatnaşyklarda bitaraplygy netijeli ulanmagyň esasy ýörelgelerini umumylaşdyrmaga aýratyn üns berip, parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bitaraplyk ýörelgelerini berjaý etmek hem-de amala aşyrmak boýunça gollanmany işläp taýýarlamagy haýyş edýär;
6. Türkmenistanyň Hökümetiniň 2025-nji ýylyň dekabrynda öz ýurdunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy geçirmek baradaky çözgüdini goldaýar;
7. “Parahatçylyk döredijilik we parahatçylygy goldamak” atly bendiň çäklerinde 80-nji sessiýanyň deslapky gün tertibine “Parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bitaraplyk” atly kiçi bendi girizmek barada karar edýär.