TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Gutlag hatlarynda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren asylly ýörelgelerini özünde jemleýän bu ajaýyp baýramyň bahar paslynyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýandygy, halklaryň parahatçylyk, döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň beýanyna öwrülendigi nygtalýar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen meýilnamalary we maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak üçin egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleriniň adyndan Ý.Nuryýew, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy Milli bahar baýramy bilen bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory A.Atabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew, Magtymguly etrabynyň häkimi R.Saparberdiýew, Bäherden etrabynyň häkimi S.Çopanow, Kerki etrabynyň häkimi M.Gaýipow, Akdepe etrabynyň häkimi Ý.Gowşudow, Esenguly etrabynyň häkimi A.Ýegendurdyýew mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işgärleriniň adyndan M.Berdimyradowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa, Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy G.Jelilow, Daşoguz welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy A.Meredow, Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany H.Goçyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy B.Ataýew, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň baş direktory G.Mämmedowa, Lebap welaýat çaphanasynyň başlygy B.Dolyýew, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew we beýlekiler tüýs ýürekden gutladylar.

(TDH)