
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet hem jemgyýetçilik işgärleri gutlag hatlarynda tebigatyň janlanyşynyň nyşany bolan bu baýramyň halklary jebisleşdirýändigini, olaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrýandygyny belleýärler. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu nurana baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan ähli meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, A.Şamyradow, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Nowruz baýramy bilen söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji K.Kurbanow, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, dokma senagaty ministri N.Orazgeldiýew, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy A.Durdyýewa, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Milli bahar baýramy mynasybetli GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň baş sekretary D.Kobiskiý, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Niýatbekzoda, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.
(TDH)