
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda bu baýramyň adamlary parahatçylygyň, bagtyýarlygyň bähbidine jebisleşdirýändigi nygtalýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri döwlet Baştutanymyzy tebigatyň täzelenişini alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň rowaçlygynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimizi Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutlaglaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Milli bahar baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlaryny iberdiler.
(TDH)