
Resmi habarlar
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2025-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda çykaran 1270-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, taýsyz tagallalary we bimöçber goldawlary esasynda Türkmenistanda ynsanperwer ugurda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda eneligi we çagalygy goramagyň netijeli ulgamy döredilip, ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny berkitmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu asylly ýörelgeden ugur alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerini hem-de döwletimizde amala aşyrylýan ynsanperwer häsiýetli çäreleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da dabaralandyrmak, Türkmenistanyň bu şanly ýylyň dowamyndaky ynsanperwer ugurly hem-de eneligi we çagalygy goramak barada amala aşyrýan işlerini dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek, bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak barada alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Daşary işler ministrligi, Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 29-njy martynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
(TDH)