TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyryp, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygy bellenilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimize Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)