TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden baýram edilýän şanly günlerinde Aşgabatda ýokary derejede guralan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatyňyz esasynda Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak ugruna eýermek bilen, ýokary depginli ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary häzirki zaman ýagdaýlaryny we döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, dünýä ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilendir. 2024-nji ýylda Türkmenistan halkara ähmiýetli iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi munuň şeýledigini aýdyň görkezýär.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Aşgabat şäherinde geçirilen bu halkara maslahat Merkezi we Günorta Aziýa sebitine we ýurtlaryň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary çekmek, nebitgaz, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryny, logistika, sanly hem ekologik ösüşi gowulandyrmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek, döwlet edaralary, maýadarlar, daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar bilen halkara ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, amatly we deňhukukly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin möhüm ähmiýetli meýdança bolup hyzmat etdi. Maslahatyň dowamynda ýangyç-energetika, üstaşyr ulag we üpjünçilik taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, bu ugurlary ösdürmäge maýa goýumlary çekmegiň häzirki zaman meýilleri barada örän gyzykly we netijeli ara alyp maslahatlaşmalar boldy. Bu forum diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, sebitdäki hyzmatdaş ýurtlaryň köpüsiniň ykdysady durmuşynda-da möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Çünki bilelikdäki sebitleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi infrastrukturany giňeltmäge, täze satuw bazarlaryny döretmäge, täze önümçilik we iş ýerleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik döreder. Munuň özi Merkezi we Günorta Aziýa sebitiniň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Sarpasy belent Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň tagallalaryňyz bilen ýokary derejede guralan bu giň möçberli çäräniň dowamynda öňe sürlen taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi, olaryň durmuş ähmiýetliligi, ekologik talaplara laýyklygy, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň ygtybarly we uzak möhletleýin üstünliklere ýetmegi üçin has täsirli gurallaryň bilelikde gözlenilmegi, özara pikir we tejribe alşylmagy onuň wajyp ähmiýete eýe bolandygyny subut edýär. Maslahata gatnaşyjylar forumyň sebitde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek, ykdysady integrasiýanyň ileri tutulýan ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilikleri döredendigini bellediler.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de onuň ýokary derejede geçirilmegine beren ýardamyňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen ykdysadyýetiniň gülläp ösmegi, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda alyp barýan döwletli tutumlaryňyzyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda asudalygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy mundan beýläk-de Ýer ýüzünde giňden dabaralansyn, şan-şöhraty täze belentliklere ýetsin!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylar.