TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli guralan sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli guralan sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz we bu giň möçberli çäreleri ýokary derejede geçirmek babatda döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy, bu sene mynasybetli geçirilen çäreler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Siziň belleýşiňiz ýaly, berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri, «Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň alyp barýan işleriniň rowaçlanmagyna, halkara işewürlik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly ykdysady strategiýaňyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, işjeň maýa goýum syýasatyna uly ähmiýet berilýär. Raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barmak, netijede, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen has doly üpjün etmek ýaly möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Şunuň bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlar kämilleşdirilýär, netijeli býujet, salgyt, bank syýasaty alnyp barylýar. Prezident Maksatnamasynda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeler türkmen telekeçilerini täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Bu dabaraly sergä gatnaşanlar, Türkmenistana maýa goýmaga gyzyklanma bildirýänler ýurtda amala aşyrylýan özgertmelere, gazanylan üstünliklere, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigine ýokary baha berdiler. Siziň belleýşiňiz ýaly, Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl böleginde maýa goýumlara aýratyn üns berilýär. Kiçi we orta kärhanalary, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň önümçiligini döretmek hem-de ösdürmek, daýhan hojalyklaryny guramak we goldamak maýa goýum syýasatynda ileri tutulýar.

Giňden ýaýbaňlandyrylan sergide döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän dürli görnüşli senagat önümleri, ýokary hili bilen içerki we daşarky bazarlarda alyjylaryň uly isleglerinden peýdalanýan oba hojalyk, azyk önümleri mynasyp orun eýeledi. Şeýle hem hususy kärhanalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän binagärlik desgalary, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara üstaşyr ulag ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler, döwrebap hyzmatlar giňden şöhlelendirildi. Olardan görnüşi ýaly, Türkmenistanda ähli desgalaryň, binalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalar, nou-haular, sanly ulgamlar ornaşdyrylýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Şeýle-de gurluşyk işlerinde «ýaşyl» tehnologiýalar göz öňünde tutulyp, daşky gurşawyň abadançylygyna aýratyn üns berilýär. Ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän baglardyr ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär. Bu babatda Arkadag şäheriniň çäginde döredilýän senagat zolagy hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelýän kärhanalary döretmäge ýardam eder.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň öňde goýýan wezipeleriňizden ugur alyp, türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Siziň telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurdaky kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn üns bermegiňiz netijesinde döredilen kanunçylyk binýady ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, kiçi, orta we iri telekeçiligiň netijeli ösdürilmegine gönükdirilendir. Döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň we kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde kesgitlenilmegi bolsa hususyýetçileriň maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga ýardam edýän netijeli gurallardyr.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň halkara işewürlik gatnaşyklarynyň ileri tutulýandygy, kiçi we orta telekeçiligiň milli ykdysadyýetiň esasy üns merkezindäki ugurlaryň biridigi, ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm ornuň degişlidigi baradaky aýdanlaryňyz bizi örän buýsandyrýar. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, hormatly Prezidentimiz! Size Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alyp barýan beýik işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli guralan sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylar.