TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Res­mi ha­bar­lar

Aş­ga­bat şä­he­ri­niň bi­na­gär­lik-şä­her­gur­lu­şyk keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­mek we ýur­du­myz­da döw­let çä­re­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň Iş do­lan­dy­ryş mü­dir­li­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek, goş­ma­ça bi­na­la­ry we des­ga­la­ry gur­mak ba­ra­da “Gap In­şaat Ýa­ty­rym we Dyş Ti­ja­ret A.Ş.” türk kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.

Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2023-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da baş­la­mak hem-de bi­na­la­ry we des­ga­la­ry 2026-njy ýy­lyň ap­rel aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar et­mek tab­şy­ryl­dy.

***

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­ny, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­ri, ag­zy­bir hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar, pa­ra­hat we aba­dan dur­mu­şy­ny, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ag­zy­bir­lik, ha­lal­lyk, yn­san­per­wer­lik ýa­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi kä­mil eser­le­riň üs­ti bi­len be­ýan ed­ýän, türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny, ede­bi­ýa­ty­ny ös­dür­mä­ge uly go­şant goş­ýan ze­hin­li dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak, ola­ryň iň us­sat­la­ry­ny saý­lap-seç­mek hem-de hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Ede­bi­ýat, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň, hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň hem-de ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­gi yg­lan et­mek ha­kyn­da” Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, bäs­le­şi­ge hö­wes bil­di­ren da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry hem gat­na­şyp bi­ler­ler. Bu bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri bel­le­ni­len ugur­lar bo­ýun­ça kes­git­le­ner. Şeý­le hem bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň ara­syn­da “Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” at­ly bäs­le­şi­gi, hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň “Ýaň­lan, Di­ýa­rym!” te­le­bäs­le­şi­gi hem-de du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da “Çal­sa­na, bag­şy!” bäs­le­şi­gi, ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” bäs­le­şi­gi yg­lan edil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry “Ede­bi­ýat we sun­gat” ga­ze­tin­de do­lu­ly­gy­na çap edil­ýär.

***

“Mig­ra­si­ýa ha­kyn­da” we “Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­na hem-de “Türk­me­nis­tan­da pas­port ul­ga­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2020-nji ýy­lyň 2-nji sent­ýab­ryn­da çy­ka­ran 720-nji Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da,

— Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýa­ty­nyň pas­por­ty­ny res­mi­leş­dir­me­giň we ber­me­giň ter­ti­bi, on­dan peý­da­lan­ma­gyň ka­da­la­ry;

— Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýa­ty­nyň pas­por­ty­nyň nus­ga­sy we ýaz­gy­sy tas­syk­la­nyl­dy.

Ozal ber­len kö­ne nus­ga­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýa­ty­nyň pas­por­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da ony çal­şyr­mak üçin esas bol­ma­dyk ýag­da­ýyn­da, Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýa­ty­nyň pas­por­ty­nyň tä­ze nus­ga­sy­na çal­şy­ryl­ma­ga de­giş­li däl­dir.

Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­ne, Ada­lat mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de şu Ka­rar­dan ge­lip çyk­ýan üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na gi­riz­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri bir aý möh­let­de taý­ýar­la­mak we Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne ber­mek tab­şy­ryl­dy.

(TDH)