
Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Mukaddes Remezan aýy mynasybetli Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Remezan aýy raýdaşlyga, rehimdarlyga we agzybirlige, birek-biregi goldamaga çagyrýar. Bu mübärek aý dost-doganlygy pugtalandyrmak üçin ajaýyp pursatdyr.
Gudraty Güýçli Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de bagtyýarlyk dileýärin.
Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy.