TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Begnazar Hoşgeldiýewiç Agaýewi Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesini bermeli;

Annagül Berdinazarowna Begnazarowany Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesini bermeli;

Begmyrat Nurynepesowiç Baýlyýewi Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesini bermeli;

Oraz Kemalowiç Kemalowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesini bermeli;

Erkin Nurmämmedowy Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesini bermeli;

Muhammet Döwranowiç Çaryýewi Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesini bermeli;

Kyýas Öwezowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Berdimyrat Ýezdankuliýewiç Saparmamedowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 5-nji marty.