
Ähli duýgularyň başy
Saz ähli duýgularyň başlangyjydyr. Ol ynsanyň ruhy ahwalyna özüniň täsirini ýetirip bilýär. Sazyň ritmi bolsa onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsan bedeni sazyň ritmine iki hili duýgurlyk görkezýär. Olaryň birinjisi ritmi eşitmek, ikinjisi bolsa şoňa laýyk hereket etmek bolup durýar. Çünki ynsan bedeninde hem özboluşly ritm bardyr. Muňa mysal edip ýürek urşunyň ritmini görkezmek bolar. Ritm fiziki hereketleriň sazlaşygyny üpjün edýär. Esasan hem ritmi haýal bolan klassik sazlar bedeniň rahatlamagyna, metabolizmik täsirleşmeleriň kadalaşmagyna, dem alyş tizliginiň norma laýyk gelmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda dünýäniň alym newrologlarynyň we psihologlarynyň aglabasy minutda 60 taktlyk ritimdäki sazlaryň ynsan beýnisiniň gowy işlemegine itergi berýändigini öňe sürýärler. Saz beýniniň sag we çep ýarym şarlarynyň ikisiniň hem doly işlemegine ýardam berip, pikirlenmek, akyl ýetirmek ýaly ukyplary artdyrýar. Ritminiň tizligi minutda 60 takt bolan sazlar diňlenileninde beýniniň işleýiş kuwwatlylygynyň öňküsinden 5 esse ýokarlanýandygy tassyklanylýar.
Eýsem, ähli žanrdaky sazlary diňlemeklik peýdalymy?! Sazyň adama peýdasy bolup bilşi ýaly, käbir sazlaryň adamyň ruhy dünýäsine, eşidiş ulgamyna zyýany hem bardyr. Mysal üçin çalt ritmdäki rok, jazz žanrly sazlaryň hatda haýwanlara we ekinlere hem zyýanynyň bardygyny ylym doly tassyklaýar. Şonuň üçin hem sazy pessaý sesde diňlemeli, onuň biziň ruhy dünýämize ýakynlygyna üns bermeli we diňleniljek saz saýlap seçilmelidir.
Saz çalmak bilen meşgullanýan okuwçylaryň derslerine ýetişigi gowy bolýar. Hatda beýlekilerden tapawutlanýan ýagdaýlary hem az bolmaýar. Çünki sazdan baş çykarýan ýaşlaryň pikirleniş, akyl ýetiriş ukyplary hem tapawutly bolýar. Olarda aýratyn üşüklilik kemala gelýär.
Şemşat ÝOMUDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň «Horeografiýa sungaty» bölüminiň müdiri.