TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry yn­san­per­wer­leş­dir­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gy

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da mil­li mi­ra­sy­my­zyň, se­net­çi­lik däp­le­ri­niň, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň bü­tin dün­ýä­de wa­gyz edil­me­gi­ne, sun­ga­tyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ru­hy we aň-bi­lim kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi kä­mil­leş­dir­mä­ge, ta­ry­hy-me­de­ni, te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­zi go­ra­ma­ga hem-de aýaw­ly sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, baý me­de­ni mi­ra­sy­myz hal­ky­my­zyň ne­sil­den-nes­le ge­çi­rip gel­ýän gaý­ta­lan­ma­jak mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­nyň bi­te­wi ul­ga­my­dyr. Ýur­du­myz­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň dü­züm­le­ri, şol san­da ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li gi­ňelt­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan 1993-nji ýyl­dan bä­ri bu gu­ra­ma­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy­dyr. BMG-niň bu iri ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­zü­mi me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri hem-de te­bi­gy land­şaft­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra iş­ler­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär, äh­lu­mu­my gym­mat­lyk­la­ra hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan açyk dia­log üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň he­re­ket et­me­gi hem uzak möh­let­le­ýin gel­je­ge gö­nük­di­ri­len gat­na­şyk­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

2024-nji ýy­lyň 21-nji mar­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de «2025-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň 86 döwletiň aw­tor­daş­ly­gyn­da ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň BMG-niň jo­gap­kär­li stra­te­gik hyz­mat­da­şy hök­mün­de hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge goş­ýan go­şan­dy­na, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çir­ýän da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­dy. Şu ýyl iki şan­ly se­ne — Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bol­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy we BMG-niň dö­re­dil­me­gi­niň 80 ýyl­ly­gy baý­ram edil­ýär. Mu­ňa ýur­du­myz hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry yn­san­per­wer­leş­dir­mek üçin örän mö­hüm dö­wür hök­mün­de ga­ra­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň köp­ta­rap­la­ýyn dü­züm­le­riň çäk­le­rin­dä­ki ta­gal­la­la­ry bos­gun­la­ryň we ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek, ene­li­gi, ça­ga­ly­gy gol­da­mak, ýaş­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi, ola­ryň ylym­da, dö­re­di­ji­lik­de, sport­da öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly açyp gör­kez­mek­le­ri üçin şert­le­ri dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň bu me­se­le­le­re çe­me­leş­me­si yn­san­per­wer ugur­ly dü­züm­ler bo­lan ÝU­NES­KO, BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy, Bos­gun­la­ryň işi ba­ra­da­ky Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­nyň mü­dir­li­gi, Gy­zyl Haç we Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy ýa­ly gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge esas­lan­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň çä­gin­de ýur­du­myz­da ÝU­NES­KO-nyň mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de, döw­le­ti­mi­ziň me­de­ni, bi­lim, ylym kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň mad­dy we mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re hem de­giş­li­dir.

Türk­me­nis­tan ÝU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak ha­kyn­da, bü­tin­dün­ýä me­de­ni we te­bi­gy mi­ra­sy go­ra­mak ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa­la­ry­na we beý­le­ki köp san­ly res­mi­na­ma­la­ry­na go­şul­mak bi­len, ola­ryň düz­gün­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra ta­gal­la­la­ra iş­jeň gat­naş­ýar. Dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan ta­ry­hy-me­de­ni, te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­ri gel­jek ne­sil­ler üçin go­rap sak­la­mak ba­bat­da giň ge­rim­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Ýur­du­my­zyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ýa­dy­gär­lik­le­riň ara­syn­dan tä­sin ta­ry­hy des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si­niň — Ga­dy­my Mer­wiň, Kö­neür­gen­jiň, Nu­sa­ýyň Par­fi­ýa ga­la­la­ry­nyň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Şeý­le-de «Gö­rog­ly» des­san­çy­lyk sun­ga­ty, «Küşt­dep­di» aý­dym we tans des­su­ry, du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty, türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty, türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty, ýü­pek­çi­lik we dok­ma­çy­lyk­da ýü­pek önüm­çi­li­gi­niň däp­le­ri, mol­la Epen­di­niň şor­ta söz­le­ri­ni gür­rüň be­ri­ji­lik dä­bi, ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. 2023-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da bol­sa paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat «Di­zaýn» ug­ry bo­ýun­ça ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na go­şul­dy.

2023-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de «Me­de­ni mi­ras: geç­miş­den gel­je­ge», Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da «Dur­nuk­ly ösüş üçin eko­lo­gi­ýa bi­li­mi» at­ly ÝU­NES­KO ka­fed­ra­la­ry­ny dö­ret­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­me­gi ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik we yl­my-bar­lag iş­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mek, hal­ky­my­zyň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, däp-des­sur­la­ry ba­ra­da­ky bi­lim­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. ÝU­NES­KO ka­fed­ra­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çäk­le­rin­de ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­mak­la­ryn­da Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­tyn­da «Pa­ra­hat­çy­ly­gyň dil­le­ri», Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da «Pa­ra­hat­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti», Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­tyn­da «Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak — dur­nuk­ly ösü­şiň mö­hüm kon­sep­si­ýa­sy», My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­tin­de «Der­man­lyk ösüm­lik­le­ri­miz — sag­ly­gy­myz, mi­ra­sy­myz», Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da «Ahal­te­ke at­la­ry — pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­le­ri» at­ly ÝU­NES­KO klub­la­ry dö­re­dil­di. Şeý­le-de ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň bir­nä­çe­si ÝU­NES­KO-nyň As­so­sir­le­nen mek­dep­le­ri­niň to­ru­na gi­ri­zil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) Bü­tin­dün­ýä ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň ag­za­ly­gy­na res­mi taý­dan ka­bul edil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän oňyn sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýaş­lar dia­lo­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň yk­rar edil­ýän­di­gi­niň ýe­ne-de bir my­sa­ly­dyr. Türk­me­nis­tan BMG we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry, Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi we beý­le­ki ab­raý­ly dü­züm­ler bi­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär, sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ama­la aşyr­mak ug­run­da çy­kyş edip, bu babatda anyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň 2023 — 2027-nji ýyl­lar üçin ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň ag­za­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­ma­gy-da Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha be­len­de gö­te­ril­ýän­di­gi­niň, be­den­ter­bi­ýä­niň, spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne, dün­ýä­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mä­ge goş­ýan uly go­şan­dy­nyň yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir.

2023-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy ko­mi­te­ti­niň 45-nji gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Öz­be­gis­tan we Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­la­ry bi­len bi­le­lik­dä­ki «Be­ýik Ýü­pek ýo­ly: Ze­rew­şan — Ga­ra­gum ge­çel­ge­si», şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Öz­be­gis­tan we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­la­ry bi­len bi­le­lik­de hö­dür­län «Aram gu­şak­lyk­da­ky Tu­ran çöl­le­ri» at­ly köp­ta­rap­la­ýyn hö­dür­na­ma­la­ry­ny, ýur­du­my­zyň «Be­re­ket­li Ga­ra­gum», «Gap­laň­gyr» döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­la­ry­ny, «Re­pe­tek» döw­let bios­fe­ra go­rag­ha­na­sy­ny we onuň «Ýe­ra­jy» çäk­li go­rag­ha­na­sy­nyň çöl ekoul­gam­la­ry­ny ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek ba­ra­da­ky çöz­güt­ler bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Mu­nuň özi me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­di hem-de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­di. ÝU­NES­KO-nyň hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len bi­le­lik­de Köý­ten­da­gyň dag­lyk ekoul­ga­my­ny, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň esa­sy ug­run­da ýer­le­şen De­his­tan, Nu­saý, Merw, Sa­rahs, Amul, Kö­neür­genç ýa­ly ga­dy­my türk­men şä­her­le­ri­niň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni bu gu­ra­ma­nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek üçin hö­dür­na­ma­la­ry taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

2024-nji ýy­lyň mar­tyn­da Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de türk­men ala­baý it­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek sun­ga­ty­ny ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek üçin taý­ýar­la­nan res­mi­na­ma­lar bu gu­ra­ma ibe­ril­di. Ýur­du­my­zyň tek­li­bi esa­syn­da ça­ga sal­lan­ça­gy­ny ýa­sa­mak we hüw­di­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­lik däp­le­ri­ni Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek üçin Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­la­nan köp­ta­rap­la­ýyn hö­dür­na­ma, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­kyn­da «San­ly ylym» at­ly ÝU­NES­KO ka­fed­ra­sy­ny aç­mak üçin taý­ýar­la­ny­lan res­mi­na­ma bu gu­ra­ma­nyň Sek­re­ta­ria­ty­na tab­şy­ryl­dy. Şeý­le hem «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» hal­ka­ra mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça gol­lan­ma hök­mün­de «Türk­me­nis­tan — ÝU­NES­KO: ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­le­lik­de go­ra­lyň!» at­ly mo­nog­ra­fi­ýa taý­ýar­la­nyl­dy.

2022-nji ýyl­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len TÜRK­SOÝ-nyň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de 2024-nji ýy­ly «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly», ga­dy­my Änew şä­he­ri­ni bol­sa şol ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi hal­ka­ra yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry iş­jeň­leş­dir­ýän döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň ta­gal­la­la­ry­nyň we bar bo­lan ägirt uly me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri­niň yk­rar edil­me­gi­niň no­bat­da­ky gü­wä­si bol­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ge­çen ýy­lyň 27-nji mar­tyn­da ge­çi­ri­len «Ga­dy­my Änew me­de­ni­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat bu şä­he­riň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li gu­ra­lan çä­re­le­riň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Mas­la­ha­ta meş­hur ta­ryh­çy­lar, ar­heo­log­lar, et­nog­raf­lar, Gün­do­ga­ry öw­re­ni­ji­ler, bel­li pro­fes­sor­lar, ýaş alym­lar, ABŞ-nyň, Tür­ki­ýä­niň, Eý­ra­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Pa­kis­ta­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Be­la­ru­suň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we beý­le­ki döw­let­le­riň mu­zeý­le­ri­niň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy.

Döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da-da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne bu ugur­da dür­li ýurt­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän gat­na­şyk­lar hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2024-nji ýy­lyň mar­tyn­da «Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Aýaw­ly sak­la­nyl­ýan mil­li mi­ra­sy­myz, köp san­ly ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­ler, ga­dy­my, an­tik we or­ta asyr bi­na­gär­li­gi­niň aja­ýyp nus­ga­la­ry ýur­du­my­za dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk ba­za­ryn­da bar­ha mö­hüm or­ny eýe­le­mä­ge hem-de hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Be­ýik Ýü­pek ýo­ly: Ze­rew­şan — Ga­ra­gum ge­çel­ge­si­niň» çä­gin­dä­ki Amul ga­la­sy­nyň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi my­na­sy­bet­li 2024-nji ýy­lyň 26-njy ap­re­lin­de «Ga­dy­my Amul ga­la­sy: geç­mi­şiň syr­la­ry­nyň go­rag­çy­sy» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­tyň esa­sy mak­sa­dy Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen, stra­te­gik taý­dan äh­mi­ýet­li ge­çel­ge bo­lan ga­dy­my Amul ga­la­sy­na dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň, ta­ryh­çy­la­ryň, ar­heo­log­la­ryň ün­sü­ni çek­mek­den, ga­zuw-ag­ta­ryş we yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni do­wam et­dir­mek ar­ka­ly yl­my bin­ýa­dy dö­ret­mek­den, al­nan mag­lu­mat­la­ry giň­den wa­gyz et­mek­den hem-de me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­ny ös­dür­mek­den yba­rat bol­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ÝU­NES­KO-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň 216-njy mej­li­sin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­ny bu gu­ra­ma­nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­riz­mek ha­kyn­da­ky çöz­güt bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Türk­me­nis­ta­nyň döw­let eýe­çi­li­gi­ne de­giş­li bo­lan bu ýy­gyn­dy 80-den gow­rak di­wan­dan — be­ýik söz us­sa­dy­nyň goş­gu­lar ýy­gyn­dy­syn­dan yba­rat­dyr. Olar Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň gaz­na­sy­nyň ýö­ri­te buk­ja­la­ryn­da sak­la­nyl­ýar. Olar­da türk­men hal­ky­nyň we Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň dil­den aý­dyl­ýan şyg­ry­ýet däp­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. ÝU­NES­KO şa­hy­ryň bu ýy­gyn­da gi­ri­zi­len goş­gu­la­ry­ny di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, tu­tuş tür­ki dün­ýä­niň halk­la­ry­nyň hem ýa­zuw mi­ra­sy­nyň seý­rek nus­ga­sy hök­mün­de yk­rar et­di.

Şol mej­lis­de Türk­me­nis­ta­nyň 2024-2025-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO ag­za döw­let­le­riň şan­ly se­ne­le­riniň 46-sy­nyň baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­ny bel­le­mek, şol san­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny bu gu­ra­ma­nyň şan­ly se­ne­le­ri­niň sa­na­wy­na goş­mak ha­kyn­da­ky baş­lan­gyç­la­ry ma­kul­la­nyl­dy. Mu­nuň özi be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň dün­ýä ede­bi­ýa­tyn­da, şol san­da me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

ÝU­NES­KO-nyň çäk­le­rin­de tür­ki dil­li ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk se­bi­ti­mi­ziň gaý­ta­lan­ma­jak me­de­ni öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny go­rap sak­la­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2022-nji ýy­lyň 21-nji iýu­lyn­da Çol­pon-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da «Bi­ziň mi­ra­sy­myz» at­ly se­bit­le­ýin tas­la­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­mak tek­lip edil­di. Köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­rap sak­la­mak, re­je­le­mek we öw­ren­mek ba­bat­da tej­ri­be­le­ri alyş­mak, ÝU­NES­KO-nyň hem-de TÜRK­SOÝ-nyň dür­li hal­ka­ra sa­naw­la­ry­na goş­mak üçin bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry iler­let­mek bu mak­sat­na­ma­nyň we­zi­pe­si bo­lar.

Tür­ki halk­la­ryň mad­dy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni go­rap sak­la­mak, ös­dür­mek, gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mek ba­bat­da Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar hem ta­ry­hy umu­my­lyk­la­ry, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry bi­len öza­ra bag­la­nyş­ýan halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gyň, oňyn hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­ýän­di­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. TÜRK­SOÝ-na ag­za döw­let­le­riň ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da mil­li to­par­la­ry kö­pa­syr­lyk umu­my me­de­ni­ýe­tiň aýaw­ly sak­lan­ma­gy ug­run­da, şeý­le hem se­bit­le­riň, ýurt­la­ryň, tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne mö­hüm iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. 2024-nji ýy­lyň ma­ýyn­da Aş­ga­bat­da mil­li to­par­la­ryň no­bat­da­ky 10-njy mej­li­si ge­çi­ril­di. Onuň esa­sy mak­sa­dy tür­ki döw­let­le­riň ta­ry­hy, me­de­ni, te­bi­gy we gol­ýaz­ma ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni go­rap sak­la­mak­da ÝU­NES­KO bi­len TÜRK­SOÝ-nyň bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy­nyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni kes­git­le­mek­den, mil­li mi­ra­syň gym­mat­lyk­la­ry­nyň hal­ka­ra sa­naw­la­ra gi­ri­zil­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek­den yba­rat bol­dy.

2023-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň Bots­wa­na Res­pub­li­ka­sy­nyň Ka­sa­ne şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 18-nji mej­li­sin­de «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri» at­ly mil­li hö­dür­na­ma­ny Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi türk­men hal­ky­nyň asyr­lar­bo­ýy ke­ma­la ge­ti­ren mil­li gym­mat­lyk­la­ry­nyň dün­ýä­de yk­rar edil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky my­sa­ly bol­dy. Ýur­du­my­zyň öňe sü­ren tek­li­bi bu to­pa­ra ag­za döw­let­le­riň 24-si ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2024-nji ýy­lyň 12-nji okt­ýab­ryn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri» at­ly mil­li hö­dür­na­ma­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­di­gi ba­ra­da­ky şa­ha­dat­na­ma da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ga­dy­my mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­mak hem-de wa­gyz et­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Bu ugur­da ÝU­NES­KO bi­len hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ge­çen ýy­lyň 6-njy de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň Ha­zar — Wol­ga ge­çel­ge­si­ni ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň se­bit­le­ýin du­şu­şy­gy­nyň ge­çi­ril­me­gi mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ga­dy­my­ýet­de Gün­do­gar we Gün­ba­tar ýurt­la­ry­ny bag­la­nyş­dy­ran hem-de hä­zir­ki Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den ge­çen de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk yk­ly­ma­ra ge­çel­ge bo­lup­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi ga­dy­my, or­ta asyr alym­la­ry­nyň yl­my iş­le­rin­de-de tas­syk­la­nyl­ýar. Sak­la­nyp ga­lan ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler, türk­men we da­şa­ry ýurt alym­la­ry ta­ra­pyn­dan top­la­nan baý ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar hem mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu mag­lu­mat­lar türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly düýp­li ese­ri­niň yl­my bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat et­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly ki­ta­byn­da-da Be­ýik Ýü­pek ýo­ly we onuň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ryň bar­dy­gy­ny nyg­ta­mak ge­rek. On­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň uzak­da ýer­leş­ýän ýurt­lar bi­len söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň örän ga­dy­my dö­wür­le­ri öz içi­ne al­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ra üns çe­kil­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz hut şol dö­wür­ler­de, ýag­ny Go­ňur­de­pe eý­ýa­myn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň esa­sy şa­ha­la­ry­na öw­rü­len ker­wen ýol­la­ry­nyň dö­räp baş­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň maz­mu­ny­na si­ňen baý ta­ry­hy­myz we halk­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri bi­ze goň­şu­la­ry­myz, alys ýurt­lar­da­ky dost­la­ry­myz bi­len gat­na­şyk­la­ry bar­ha çuň­laş­dyr­ma­ga esas dö­red­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­ta­byn­da hem ga­dy­my dö­wür­ler­de ýa­şan halk­la­ryň dur­mu­şyn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň eýe­län mö­hüm or­nu­ny tas­syk­la­ýan ta­ry­hy mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu ki­ta­byn­da dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant go­şan hal­ky­my­zyň be­ýik me­de­ni mi­ra­sy­ny we ta­ry­hy­ny düýp­li öw­ren­me­giň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­ýär.

(TDH)