
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýatlaryň hukuklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, ykdysadyýetiň käbir pudaklarynyň işiniň hukuk esaslaryny berkitmek bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.
Daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi hem-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň we Şertnamalaýyn edaralaryň işini üpjün etmek boýunça departamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň deputatlary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda gazanan üstünlikleriniň, tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini döwrebap alyp barmagyň wajypdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň maşgala gymmatlyklaryny, jemgyýetiň ahlak esaslaryny berkitmekde zenanlara uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň zenanlarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekmekleri, döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda zenan mertebesi belent tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Diýarymyzda mähriban enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgadyny bermek hakynda Buýruga gol çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz baýramçylygyň şanyna gelin-gyzlarymyza pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini döwrebap guramakda ýokary bilimli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, owlak-guzy, köşek almak möwsümine taýýarlyk görmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegi, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri geçirmegi dowam etdirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işini talabalaýyk alyp barmagyň möhümdigini belledi. Bugdaý ekilen meýdanlarda hem ideg işlerini dowam etdirmek, maldarçylyk hojalyklarynda ýetip gelýän owlak-guzy almak möwsümine gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Wise-premýer oba hojalyk pudagynda täze ylmy-barlag institutlaryny döretmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, mallaryň, guşlaryň önümliligini ýokarlandyrmak hem-de olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk önümlerini öndürmek, olary gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, “Guwlyduz” kärhanasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri ýola goýmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak bilen, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleriň ýola goýulýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynyň çig mal binýadynda dürli görnüşli ýokary hilli duzlary öndürýän önümhanalary gurmak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu kärhanalaryň işini has-da ilerletmek, netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň pagta egirme hem-de nah ýüplük egriji fabrikleriniň käbiriniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek boýunça degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň önümçiliginiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy we dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de dürli maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna eýe bolan enelere hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu ada mynasyp bolan, sekiz hem-de şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny, Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. 21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Diýarymyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagy, ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ylmy usullary peýdalanyp, amaly taýdan ähmiýetli wezipeleri çözmäge ukyply, döredijilik başlangyçly hünärmenleri taýýarlamak babatda ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň innowasion-pedagogik tehnologiýalary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny özleşdirmek, bilim işine ornaşdyrmak, möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly okuw işini guramak ýaly başarnyklaryny ösdürmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bilim işgärleriniň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär synagyny geçirmegiň möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklipler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalarydyr edaralary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi. Bu ugurdaky çäreler bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň maýa goýum, tehnologik, maliýe meselelerine ünsi güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 38 ýurt bilen ikitaraplaýyn esasda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlar döredildi. 2023-2024-nji ýyllarda bu toparlaryň mejlisleriniň 35-si geçirildi. Iş geňeşleriniň mejlisleri, işewürlik we maýa goýum maslahatlary, sergilerdir ýarmarkalar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň daşary ykdysady işi köptaraplaýyn görnüşde hem yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA), Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Bütindünýä Söwda Guramasy ýaly halkara düzümler bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara we sebitleýin maliýe edaralary — Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de beýlekiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Türkmenistan ösen döwletleriň birnäçesiniň iri banklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýar. Bu babatda giň gerimli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Şoňa görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly esaslaryň we mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şundan ugur alyp, Daşary işler ministrligi birnäçe resminamalary işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasy; “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň” taslamasy, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy bar. Beýan edilenleri nazara almak bilen, bu resminamalary taýýarlamak boýunça pudagara topary döretmek hem-de onuň birinji mejlisini şu ýylyň mart aýynyň ikinji ýarymynda geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň gerimini yzygiderli giňeltmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminamalarda bellenen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, tapgyrlaýyn işler dowam etdirilýär. Hususan-da, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we işiň täze usullaryny ornaşdyrmak, onuň işjeňligini artdyrmak, bu ugurda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen degişli Konsepsiýanyň hem-de Maksatnamanyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny göz öňünde tutup, halkara tejribeden ugur alyp hem-de dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi we ýurdumyzda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.