
Seulda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we syýasy bilermenler, medeni assosiasiýalaryň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew öz çykyşynda ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýokary derejede geçiriljek çärelere ýygnananlaryň aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de Türkmenistanyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlary hem-de şu ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 33 ýyllygy nukdaýnazaryndan bolsa, halkara we döwlet derejesinde geçiriljek möhüm çäreleriň aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýe bolýandygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.
Metbugat maslahatynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň eserleriniň, türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Çäräniň ahyrynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.