TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň tabşyryklaryňyzdan ugur alyp, türkmen diplomatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda yzygiderli işleri alyp barýarlar. Ata Watanymyz dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna ynamly goşulyşýar, ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Eziz Diýarymyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ulgamy ýylsaýyn giňeýär. Türkmen diplomatiýasy däp bolan we häzirki zaman gurallarynyň, iş ugurlarynyň sazlaşygynyň nusgasy hökmünde deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine eýermek bilen, döwletleriň arasynda dostlugyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda täze hünär baýramynyň — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň döredilmegi ýurdumyzyň diplomatik gullugyna döwlet tarapyndan berilýän ünsüň, oňa goýulýan hormatyň we bildirilýän uly ynamyň nyşany boldy. Şoňa görä, milli diplomatik gullugyň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarymyzyň we konsullyk edaralarymyzyň maliýe, maddy-tehniki şertleriniň gowulandyrylmagy baradaky mesele hemişe üns merkezinde saklanylýar. Diplomatik gullugyň işiniň kadalaşdyryjy hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň hiliniň ýokarlanmagyny, Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, halkara we döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleriň ygtybarly goraglylygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegine berýän aýratyn ünsüňiz hem-de yzygiderli goldawlaryňyz, hususan-da, gullugyň işgärler düzümini taýýarlamak we guramaçylyk binýadyny pugtalandyrmak, diplomatlaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda edýän uly tagallalaryňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Hormatly döwlet Baştutanymyz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde işjeň hem-de netijeli daşary syýasaty üstünlikli alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň bize miras galdyran hoşniýetli ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk ýoly dünýä üçin nusgalyk häsiýete eýe bolýar. Türkmen Bitaraplygynyň ykrar edilen senesiniň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi hem muny aýdyň subut edýär. Bitaraplyk Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Esasy Kanunymyzda berkidilen oňyn Bitaraplygyň esas goýujy ýörelgelerini goldanyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Şu ýyl ata Watanymyz üçin örän möhüm taryhy senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen garşylamak üçin yhlasly zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigine, Bitaraplygyň mizemez ýörelgeleriniň dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna itergi berýändigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen işleriň giň toplumy amala aşyrylýar. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, syýasy geňeşmeleriň geçirilmegine, dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, işewürlik maslahatlarynyň, medeni çäreleriň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, agzalan Konsepsiýadan ugur alyp, Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini pugtalandyrmak, syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Milletler Bileleşiginiň tagallalaryny goldamak türkmen diplomatlarynyň mukaddes borjy bolup durýar.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Watanymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň döredijilikli syýasatyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryňyzy netijeli durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de tagallalarymyzy gaýgyrmajakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna alyp barýan döwlet işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri we türkmen diplomatlary.