TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 2024-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda döredijilik, ynsanperwerlik, beýik özgertmeler ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda mähriban halkymyz ajaýyp geljeginiň hatyrasyna döredýär, gurýar, bagtyýar durmuşyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlary agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde garşylaýar. Siziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatyňyz, beýik özgertmeleriňiz netijesinde berkarar döwletimizde taryhy ähmiýetli, giň gerimli maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli berkidilip, halkymyzyň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri barha gowulandyrylýar. Siziň ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrundaky tagallalaryňyz esasynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler sazlaşykly ösýän jemgyýetimiziň guwandyryjy görkezijileri bolup durýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylyň jemleri boýunça Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etrap hökmünde ýeňiji diýlip yglan edilmegi hem-de etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy mynasybetli Size welaýatyň ähli zähmetsöýer ilatynyň adyndan çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, abraý-mertebäňiziň belent bolmagyny, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sakarçäge etrabynyň 2024-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edilendigi baradaky hoş habar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ajaýyp gazananlaryny, belent sepgitlerini şöhratlandyrýan waka bolup, welaýatyň agzybir ýaşaýjylary tarapyndan uly şatlyk, buýsançly ýürek joşguny bilen kabul edildi. Munuň özi merdana halkymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy beýik özgertmeleriň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Size bolan belent hormat-sarpasyny, söýgüsini has-da artdyran möhüm wakadyr.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň Şa serpaýyňyz Sakarçäge etrabynyň ykdysady taýdan has-da ösmegine, bu ýerde medeni-durmuş maksatly döwrebap desgalaryň sanynyň artmagyna ýardam eder. Ol Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzy täze üstünliklere, belent sepgitlere ýetmäge, şanly ýyly ýokary zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmaga ruhlandyrýar. Siziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyňyzyň Ýer ýüzünde giňden goldanylýandygy, raýatlarymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak, ýaş nesillerimiziň sagdyn, ylymly-bilimli bolmaklary ugrunda edilýän tagallalar il-ulsumyzy çäksiz begendirýär we buýsandyrýar.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 2024-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilmegi mynasybetli etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandygyňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 2024-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahata gatnaşyjylar.