TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Res­mi ha­bar­lar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len, Ser­dar Açyl­dur­dy­ýe­wiç Jo­ra­ýew Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­tin­den Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň hal­ka­ra teh­ni­ki kö­mek ba­ra­da­ky mil­li ut­gaş­dy­ry­jy­sy we Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň Türk­me­nis­tan­dan do­lan­dy­ry­jy­sy we­zi­pe­le­rin­den bo­şa­dyl­dy.

***

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len, ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Mäm­met­gu­ly Ro­zy­gu­ly­ýe­wiç As­ta­na­gu­low Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­tin­den Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň hal­ka­ra teh­ni­ki kö­mek ba­ra­da­ky mil­li ut­gaş­dy­ry­jy­sy we Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň Türk­me­nis­tan­dan do­lan­dy­ry­jy­sy we­zi­pe­le­ri­ne bel­le­nil­di.

***

“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na” la­ýyk­lyk­da, eda­ra­la­ry, kär­ha­na­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­ni, hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri we ila­ty ne­bit önüm­le­ri bi­len bök­denç­siz üp­jün et­mek, şeý­le hem bu önüm­le­ri has re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň içer­ki sarp edi­ji­le­ri üçin 2025-nji ýyl­da ne­bit önüm­le­ri­niň möç­ber­le­ri, şol san­da aw­to­mo­bil ben­zi­ni we di­zel ýan­gy­jy, şeý­le hem awia­ke­ro­sin bo­ýun­ça möç­be­ri tas­syk­la­nyl­dy.

***

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, onuň gö­zel te­bi­ga­ty­ny has-da baý­laş­dyr­mak, şeý­le hem “Türk­me­nis­ta­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny” üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da 2025-nji ýyl­da sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag­la­ryň we üzü­miň, şol san­da:

mi­nistr­lik­le­re, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri­ne hem-de beý­le­ki eda­ra­la­ra 1,5 mil­lion düýp na­ha­ly­nyň;

we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne 1,5 mil­lion düýp na­ha­ly­nyň ekil­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

Mi­nistr­lik­ler, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri mi­we­li bag­la­ryň, üzüm na­hal­la­ry­nyň aý­ra­tyn kes­git­le­nen ýer bö­lek­le­rin­de gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ekil­me­gi­ni hem-de eki­len sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag we üzüm na­hal­la­ry­nyň dam­ja­la­ýyn usul­da su­wa­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge borç­ly edil­di. Şeý­le hem res­mi­na­ma bi­len, Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ne, beý­le­ki mi­nistr­lik­le­re, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri­ne ýe­ter­lik muk­dar­da üzüm we üç ýyl­lyk bag na­hal­la­ry bi­len üp­jün et­mek hem-de ola­ryň eki­li­şi­ne, ideg edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek tab­şy­ryl­dy.

***

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, şeý­le hem pi­lä­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, “Türk­men­pag­ta” döw­let kon­ser­ni­ne hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne 2025-nji ýyl­da je­mi 2100 ton­na çig pi­le ön­dür­me­gi üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

“Türk­men­pag­ta” döw­let kon­ser­ni we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri bi­len pi­le ön­dür­mek bo­ýun­ça baş şert­na­ma­la­ry bag­laş­ma­ga, we­la­ýat­la­ryň daý­han bir­le­şik­le­ri­ni, oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­ny, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­ny, kä­ren­de­çi­le­ri, ýer eýe­le­ri­ni ýü­pek gur­çu­gy­nyň ýo­ka­ry hil­li to­hu­my­nyň ze­rur muk­da­ry bi­len üp­jün et­mä­ge borç­ly edil­di. We­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne pi­le ön­dür­mek bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­nyň do­ly möç­ber­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

***

“Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da”, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da” bel­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” diý­lip yg­lan edi­len 2025-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni üp­jün et­mek we se­bit­le­riň dep­gin­li ös­me­gi­ni ga­zan­mak, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, se­na­gat-in­no­wa­sion ösüş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­mak, döw­le­tiň ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak, döw­re­bap san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gy do­wam et­dir­mek, amat­ly işe­wür­lik gur­şa­wy­ny dö­ret­mek ar­ka­ly ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň işi­ni gi­ňelt­mek, ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny, iş üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy.

Mi­nistr­lik­le­re, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri­ne Mak­sat­na­ma­nyň bel­le­nen möh­let­ler­de ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

***

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny” üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak, et­rap­lar­da we şä­her­ler­de dur­muş, yk­dy­sa­dy, me­de­ni ugur­lar­da go­wy ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­ny, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lan önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni hö­wes­len­dir­mek, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2024-nji ýy­lyň 9-njy few­ra­lyn­da çy­ka­ran 698-nji Buý­ru­gy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Buý­ru­ga gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by 2024-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça we­la­ýat­la­ryň et­rap­la­ry­nyň we et­rap hu­kuk­ly şä­her­le­ri­niň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň et­rap­la­ry­nyň ara­syn­da dur­muş, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça ýe­ňi­ji bo­lan et­rap diý­lip yg­lan edil­di we Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň hä­kim­li­gi 1 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nyl­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky gör­ke­zi­len pul baý­ra­gy­ny Türk­me­nis­ta­nyň Al­tyn asy­ry­ny ös­dür­me­giň döw­let gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­rin­den bö­lüp ber­mä­ge borç­ly edil­di.

***

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny” üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak, ýur­du­my­zy dur­nuk­ly ös­dür­mek, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lan önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni hö­wes­len­dir­mek, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Buý­ru­ga gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­la­ryň et­rap­la­ry­nyň we et­rap hu­kuk­ly şä­her­le­ri­niň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň et­rap­la­ry­nyň ara­syn­da 2025-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça we­la­ýat­lar­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de dur­muş, yk­dy­sa­dy, me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak ug­run­da bäs­le­şik yg­lan edil­di.

Şeý­le hem res­mi­na­ma bi­len, 2025-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça we­la­ýat­lar­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de dur­muş, yk­dy­sa­dy, me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, ýe­ňi­ji bo­lan et­ra­by ýa-da et­rap hu­kuk­ly şä­he­ri kes­git­le­mek bo­ýun­ça to­par dö­re­dil­di hem-de onuň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy. To­par we­la­ýat­la­ryň et­rap­la­ry­nyň we et­rap hu­kuk­ly şä­her­le­ri­niň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň et­rap­la­ry­nyň ara­syn­da yg­lan edi­len bäs­le­şik­de her we­la­ýat­da, Aş­ga­bat şä­he­rin­de iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan et­ra­by ýa-da et­rap hu­kuk­ly şä­he­ri, ola­ryň ara­syn­dan bol­sa Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça ýe­ňi­ji bo­lan et­ra­by ýa-da et­rap hu­kuk­ly şä­he­ri kes­git­le­mä­ge borç­ly edil­di.

Yg­lan edi­len bäs­le­şik­de Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça ýe­ňi­ji bo­lan et­ra­byň ýa-da et­rap hu­kuk­ly şä­he­riň hä­kim­li­gi­ni 1 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­mak bel­le­nil­di.

(TDH)