TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga we ýörite baýraklara eýe bolmaklary mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda bu ajaýyp üstünligiň Gahryman Arkadagymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli seýisçilik sungatymyzy has-da kämilleşdirmek, behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, ýurdumyzyň atçylyk sportuny we sirk sungatyny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidigi bellenilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, B.Orazdurdyýewa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem mähirli gutlaglaryny iberdiler.

(TDH)