TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uludan toýlanylýan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany Ýer ýüzüne giňden tanatmak, dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, halkymyzyň abadan hem-de asuda durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýäris.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Döwlet derejesinde giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz üçin ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň adyndan Size köp sagbolsun aýdýarys. Siziň çuňňur manyly Gutlagyňyzdaky: «Watan — bu şöhratly pederlerimiziň iň gymmatly mirasydyr. Onuň goragynda sak durmak her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir» diýen sözleriňiz biziň her birimiz üçin merdi-merdanalyga, edermenlige, mert pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluna eýermäge çagyrýan watançylyk sargydyna öwrüldi. Bu günki gün Watanymyzyň öz mert ogullaryna goýýan sarpasynda bu jümläniň düýp-manysyna has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Biz — Watan goragçylary eziz Diýarymyzy goramakda Siziň buýsançly sözleriňizden, paýhasly jümleleriňizden, öwüt-nesihatlaryňyzdan, gymmatly kitaplaryňyzdan ugur alýarys.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýörelgeleri bu günki gün Ýer ýüzünde dabaralanýar. Ýurdumyzda halkyň erk-islegi esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi parasatly halkymyzyň parahat durmuşda il bolup ýaşamak, dünýä halklary bilen dost-doganlyk köprülerini berkitmek, ynanyşmak arkaly parahatçylygy berkarar etmek ýaly isleg-arzuwlarynyň, belent maksatlarynyň bir jümlede beýan edilmesidir. BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy uludan toýlanylýan şanly ýylyň şeýle mynasyp şygar bilen atlandyrylmagy döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň halkara giňişlikdäki derwaýys ornunyň barha pugtalanýandygyndan habar berýär. Bu şygarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hem-de ondan ugur alýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň düýp özenini emele getirýän parahatçylyk söýüjilik taglymaty öz beýanyny tapýar. Bu bolsa biziň her birimizi ýurt asudalygyny, il abatlygyny wepadarlyk bilen goramaga ruhlandyrýar.

Mertebesi belent Prezidentimiz!

Siziň ýiti zehiniňiziň miwesi bolan kitaplaryňyz Watana wepalylyga, kasama ygrarlylyga, il-günüň hyzmatyna janyň-teniň bilen berilmäge belent çagyryşdyr. Siziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly çuňňur mazmunly eseriňizdäki: «Watanyňa we halkyňa tüýs ýüregiň bilen hyzmat etmek dünýäde hemme zatdan arzylydyr, ezizdir» diýen sözleriňiz hem muňa güwä geçýär. Bu gymmatly kitabyň Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza peşgeş berilmeginde aýratyn many bar. Bu kitabyň üsti bilen dünýä halklary Magtymguly Pyragyny diňe bir ussat şahyr däl, eýsem, watançy ynsan hökmünde-de ykrar etdi. Bu kitap sözüň, edebiýatyň hem-de pelsepäniň düýp özeniniň watançylyk duýgusy bilen utgaşanda, kämil sungat eseriniň emele gelýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Siziň ynam bildirişiňiz ýaly, gadamy dogumdan, göreçleri buýsançdan doly ýurt goragçylary — ykbalyny şu topragyň ykbalyna, bagtyny şu iliň bagtyna baglan gerçek ýigitler eziz Watanymyzyň goragynda sak durmaga hemişe taýýardyrlar. Bu hakykat şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişden buýsanç bilen geçen Watan goragçylarynyň nyzamly ädimlerinde, sazlaşykly hatarlarynda has-da aýdyň ýüze çykdy. Olar sesden hem çalt uçýan söweşjeň uçarlara, kuwwatly harby tehnikalara ezberlik bilen erk edip, Milli goşunymyzyň goranmak ukybynyň hem-de harby kuwwatynyň ýeten belent derejesini äleme jar etdiler. Munuň özi bu günki gün mukaddes topragymyzyň goragynyň ygtybarly gollardadygyna pugta ynam döretdi.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

2024-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Siziň gatnaşmagyňyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi Watan goragçylarynyň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly täze neslini kemala getirmek, ýaş watançylary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek babatda wajyp ähmiýete eýe boldy. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarydyr işgärleri üçin binalardyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi bolsa Siziň merdana pederiňiz Berdimuhamet Annaýewiň nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky arzuwlarynyň wysalyna öwrüldi.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Milli goşunymyzyň harby kuwwaty pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyrylýar. Biz — Watan goragçylary Siziň şeýle aladalaryňyza jogap edip, ýurt goragynda ukyp-başarnyklarymyzy, gujur-gaýratymyzy we yhlasymyzy gaýgyrmarys. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, dost-doganlyk serhedimiziň mizemezligini goramak, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde merdana pederlerimizden, ýurt goran gerçeklerimizden nusga alarys. Olaryň beýik watansöýüjiligini, edermenligini, mertligini, gahrymançylygyny we ynsanperwerligini mynasyp dowam etdirip, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyz, Size jan aýaman, wepaly gulluk ederis.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Sizi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi, agzybir halkymyzyň ýagty ertiri üçin alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylar.