
Bitarap Türkmenistanyň döredijilik kuwwaty — bütin adamzadyň bähbidine
Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu hoş habar ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky güwäsidir.
Dabara BMG-niň düzümleriniň ýokary wezipeli işgärleri we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Onda BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Miroslaw Ýença, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, siwilizasiýalar bileleşigi boýunça Ýokary wekili, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň edarasynyň ýolbaşçysy çykyş etdiler. Şeýle-de çäräniň dowamynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň adyndan Ugandanyň, “77 toparynyň” adyndan Yragyň, Arap toparynyň adyndan Müsüriň, BMG-niň Tertipnamasyny goramak üçin dostlar toparynyň adyndan Wenesuelanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň we beýleki wekiliýetleriň çykyşlary diňlenildi.
M.Ýença Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak we dialog medeniýetini ilerletmekde eýeleýän başlangyçly ornuny belläp, BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň sebit we dünýä derejesinde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalaryny goldaýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin esas hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda 14-nji ýanwarda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýeti nygtaldy.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öňe sürlen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen bagly garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de oňa esaslanýan “Ýol kartasyny” goldadylar. Şeýle hem parahatçylygy üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde ynanyşykly döwletara dialogy pugtalandyrmak maksady bilen, bu resminamany bilelikde amala aşyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär. Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny”, “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny”, “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly”, “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamalar munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, bu çäre Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak ugrunda dünýä jemgyýetçiligi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar.
(TDH)