TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Y.A.GAÝYPOW hakynda

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowy Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 17-nji ýanwary.