
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Täze ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymyzy hem-de abadançylyk, parahatçylyk baradaky iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge, halklarymyzyň abadançylygynyň hem-de ýurtlarymyzyň rowaçlygynyň bähbidine dürli ulgamlarda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge ygrarlydygymyzy tassyklamak isleýäris.
Abdul Latif RAŞID,
Yrak Respublikasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Täze, 2025-nji ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Maýkl HIGGINS,
Irlandiýanyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Täze ýyl mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de berk jan saglyk, üstünlik arzuw edýärin.
Ýakow MILATOWIÇ,
Çernogoriýanyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Täze, 2025-nji ýyl mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Mohammed Şiýa AL SUDANI,
Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Täze ýyl mynasybetli Size we Siziň ýakynlaryňyza hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Goý, 2025-nji ýyl halklarymyza we tutuş dünýä parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk getirsin!
Biziň doganlyk gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin Siziň Alyhezretiňiz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Muhammad Şahbaz ŞARIF,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.