TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

FREDERIK X,
Daniýanyň Patyşasy.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Size täze ýylda bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Abdelmajid TEBBUN,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Nataşa PIRS-MUSAR,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we ýurduňyzyň ähli halkyny täze, 2025-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biz halklarymyzyň arasynda taryhy taýdan emele gelen dost-doganlyk ýörelgelerine we iň asylly maksatlara ygrarly bolmak bilen, ählumumy ösüşiň, durnuklylygyň, adamzadyň röwşen geljeginiň bähbidine işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Mundan beýläk-de özara düşünişmegiň berkidiljekdigine ynam bildirmek bilen, Size, ýakynlaryňyza we halkyňyza täze ýylda berk jan saglyk, rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.