TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Siziň baştutanlygyňyzda Azerbaýjan Respublikasy jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýokary üstünlikleri gazandy. Dürli ugurlar boýunça ýola goýlan özara bähbitli türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Biziň gatnaşyklarymyzyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli wezipesinde üstünlikleri, Azerbaýjan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

(TDH)