
Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi we doganlyk türkmen halkyny şanly baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlamaga şatdyryn.
Pakistan we Türkmenistan oňat gatnaşyklary goldaýarlar hem-de taryhy-medeni, ruhy umumylyklar bilen pugta baglanyşyklydyr. Biziň iki doganlyk ýurtlarymyz möhüm meseleler boýunça sebit, halkara derejedäki forumlarda hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.
Pakistan umumy gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyr. Siziň Alyhezretiňiziň aragatnaşyk, energetika hyzmatdaşlygy babatda biziň bilelikdäki başlangyçlarymyzy hemişe goldajakdygyna umyt edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Anwar-ul-Hak KAKAR,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji.