TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl gutlaglary

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde täze ýylyň täze üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirýärler we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, eziz Diýarymyzyň rowaçlygynyň bähbidine köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti А.Aşirow, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň baş direktory G.Mämmedowa, Suratkeşler birleşiginiň başlygy Ç.Ýazmyradow gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy Täze ýyl baýramy bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Apostol nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Anjeý Madeý, «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy R.Batyrşin, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi K.Sabiaşwili, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid Al-Azba, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said ben Osman Suweýd, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Alhameli, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Mohammed Sabir, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, Liwiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Mahmud Abdulaziz Hasan, «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistandaky wekilçiliginiň direktory W.Homýakow, “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş ýerine ýetiriji direktory W.Worobýow, “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory N.Maganow, “Eni SpA” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Klaudio Deskalzi, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, «Altkom» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy I.Bukato, «Rönesans Holding A.Ş.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, “Yamrali Trading GmbH” firmasynyň baş direktory Bally Ýemreli, telekeçi W.Alekperow gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy M.Çaryýew, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, «Adalat» gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, «Aşgabat» gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory B.Myradow, «Arkadag» gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory G.Amangeldiýew, «Watan» gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, «Nesil» gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, «Esger» gazetiniň baş redaktory S.Myradow, «Diýar» žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, «Garagum» žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory M.Taýjykowa, «Güneş» žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigiň başlygy P.Tugurow mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza Daşoguz şäheriniň häkimi N.Handurdyýew, Kerki etrabynyň häkimi M.Gaýipow, Ruhubelent etrabynyň häkimi S.Nurbaýew, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory M.Annagulyýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap geňeşiniň başlygy J.Bazarowa, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy K.Rozmetow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy A.Allaýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy B.Ataýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy Ý.Abdyrahmanow iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

(TDH)