TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Kanuny

«Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda

I. 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 74-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 1, 49-njy madda; 2015 ý., № 1, 45-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2020 ý., № 1, 15-nji madda, № 4, 83-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 3, 75-nji madda) şu goşmaçany we üýtgetmeleri girizmeli:

1) 6-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«61-njy madda. Pul amallarynyň monitoringi

1. Pul amallarynyň monitoringi (mundan beýläk — monitoring) amala aşyrylýan pul amallarynyň Türkmenistanyň pul kanunçylygyna laýyklygyny kesgitlemek, onuň netijeliligine baha bermek, pul amallary barada maglumatlary ýygnamak we seljermek maksady bilen geçirilýär.

2. Monitoring Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan dahyllylardan — pul amallaryna gatnaşyjylardan we pula gözegçilik edýän agentlerden maglumat almak arkaly amala aşyrylýar.

3. Monitoring geçirmegiň, dahyllylardan — pul amallaryna gatnaşyjylardan we pula gözegçilik edýän agentlerden maglumatlary almagyň (şol sanda sanly ulgam arkaly) tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenilýär.»;

2) 30-njy maddada:

adynda we birinji bölekde «Pula gözegçilik edýän edaralar» we «pula gözegçilik edýän edaralar» diýen sözleri, degişlilikde, «Pula gözegçilik edýän edara» we «pula gözegçilik edýän edara» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanda pula gözegçilik edýän edara bolup durýar.»;

dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň pul kanunçylygyny berjaý etmegiň meseleleri boýunça barlaglary geçirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň bozulandygy üçin ulanylýan maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini salmagyň, olar barada hasabat bermegiň Tertibini kesgitleýär.»;

3) 32-nji maddada:

adynda we birinji bölegiň birinji tesiminde «Pula gözegçilik edýän edaralaryň» diýen sözleri «Pula gözegçilik edýän edaranyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde:

birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Pula gözegçilik edýän edaranyň öz ygtyýarlygynyň çäginde we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu aşakdakylara hukugy bardyr:»;

2-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«2) özi ýa-da pula gözegçilik edýän agentler tarapyndan ýüze çykarylan Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini ulanmaga;»;

4) 36-njy maddada:

ikinji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan şu Kanunyň düzgünleriniň bozulmagy pula gözegçilik edýän edara tarapyndan dahyllylara we dahylsyzlara, degişlilikde, şu aşakdaky görnüşde maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň salynmagyna getirýär:»;

üçünji bölekde «Dahyllynyň» we «dahyllynyň» diýen sözlerden soň, degişlilikde, «we dahylsyzyň» we «hem dahylsyzyň» diýen sözleri goşmaly;

dördünji bölekde:

birinji we soňky tesimlerde «dahyllylara» we «dahyllylary» diýen sözlerden soň, degişlilikde, «we dahylsyzlara» we «we dahylsyzlary» diýen sözleri goşmaly;

1-nji bentde «pula gözegçilik edýän edaralaryň» diýen sözleri «pula gözegçilik edýän edaranyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji bölegiň birinji tesiminde «Pula gözegçilik edýän edaralar» diýen sözleri «Pula gözegçilik edýän edara» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) Kanunyň ýazgysynda «pula gözegçilik edýän edaralaryň», «pula gözegçilik edýän edaralar», «Pula gözegçilik edýän edaralar», «Pula gözegçilik edýän edaralaryň» we «pula gözegçilik edýän edaralara» diýen sözleri, degişlilikde, «pula gözegçilik edýän edaranyň», «pula gözegçilik edýän edara», «Pula gözegçilik edýän edara» we «Pula gözegçilik edýän edaranyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

* * *

Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda

I. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Zähmet kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-njy madda; 2010 ý., № 1, 6-njy madda, № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 1, 26-njy madda, № 4, 81-nji madda; 2012 ý., № 1, 12-nji madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda, № 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 129-njy we 151-nji maddalar; 2015 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 1, 33-nji madda, № 3, 112-nji madda, № 4, 134-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda, № 4, 71-nji madda; 2020 ý., № 3, 48-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 74-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda; 2024 ý., № 3, 26-njy madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 8-nji maddanyň üçünji böleginiň 2-nji we 7-nji bentlerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

2) 23-nji maddanyň ikinji böleginde «, şol sanda,» diýen sözleri aýyrmaly;

3) 30-njy maddanyň üçünji böleginiň ikinji tesiminde «şahslara» diýen sözden soň «ýa-da bellenen tertipde bellige alnan hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahslara» diýen sözleri goşmaly;

4) 135-nji maddanyň üçünji böleginde «ondan» diýen sözi «işgärden» diýen söze çalşyrmaly;

5) 176-njy maddanyň birinji böleginde we ikinji böleginiň birinji tesiminde, 189-njy maddanyň adynda we 3-nji bendinde we 190-njy maddanyň birinji böleginde «gazlaşdyrylan duzly suw» diýen sözleri «duzlandyrylan gazly suw» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 180-nji maddanyň üçünji böleginde «güwänama (howpsuzlyk güwänamasy)» diýen sözleri «sertifikat (howpsuzlyk sertifikaty)» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 198-nji maddanyň altynjy böleginde «güwänamalary» diýen sözi «sertifikatlary» diýen söze çalşyrmaly;

8) 241-nji maddada:

bäşinji bölekde «zähmet şertnamasy» diýen sözlerden soň «wagtlaýyn» diýen sözi, «bolmasa,» diýen sözden soň «(göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsady resmileşdirendigine garamazdan)» diýen sözleri goşmaly;

altynjy bölekde «gutarmagy bilen» diýen sözleri «gutarmagyna çenli» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 293-nji maddanyň birinji böleginde «şahsda» diýen sözden soň «ýa-da bellenen tertipde bellige alnan hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahsda» diýen sözleri goşmaly;

10) 406-njy maddanyň üçünji we dördünji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmak üçin kärdeşler arkalaşyklary guramalary we olaryň birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler.

4. Türkmenistanyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde hereket edýän kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň çäk birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

* * *

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 35-nji madda; 2014 ý., № 3, 112-nji madda) 4-nji maddasynyň ikinji we üçünji tesimlerinde «edara görnüşindäki taraplara we şahsy adamlara» diýen sözleri «ýuridik we fiziki şahslara» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy we 152-nji maddalar; 2022 ý., № 2, 22-nji madda, № 3, 78-nji madda, № 4, 115-nji we 118-nji maddalar; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 37-nji madda):

1) bitewi Kanunyň ýazgysynda «edara görnüşindäki we şahsy taraplardan», «edara görnüşli taraplar», «şahsy we (ýa-da) edara görnüşli taraplar», «şahsy taraplar», «Şahsy taraplar», «Şahsy tarap», «şahsy tarapyň», «şahsy tarap», «Şahsy tarapyň», «şahsy tarapy», «Edara görnüşli taraplar», «edara görnüşli tarap», «edara görnüşli tarapyň», «edara görnüşli tarapy», «şahsy ýa-da edara görnüşli tarapyň», «edara görnüşli taraplaryň», «edara görnüşli tarapa», «edara görnüşindäki tarap», «edara görnüşindäki tarapyň», «edara görnüşli tarapyna», «Edara görnüşli tarapyň», «edara görnüşli taraplara», «edara görnüşli taraplary», «Edara görnüşli tarap», «şahsy taraplaryň», «Edara görnüşli taraplary», «şahsy taraplara», «Şahsy taraplary», «şahsy tarapa», «edara görnüşli tarapdan», «Şahsy tarapy», «şahsy we edara görnüşli taraplaryň», «şahsy tarap ýa-da edara görnüşli tarapyň», «şahsy adamlaryň», «Şahsy we edara görnüşli taraplaryň», «şahsy hem-de edara görnüşli taraplaryň», «şahsy adamlara», «edara görnüşli ýa-da şahsy tarap», «edara görnüşli taraplardan», «şahsy adamlardan», «edara görnüşli we şahsy taraplar», «edara görnüşindäki taraplar», «Edara görnüşli taraplaryň», «şahsy we edara görnüşli taraplar», «edara görnüşindäki taraplaryň», «edara görnüşli taraplarda», «edara görnüşli we şahsy taraplaryň», «Şahsy adamlardan», «şahsy adamlar», «şahsy taraplardan», «şahs tarapdan», «edara görnüşindäki taraplara», «şahsy adamynyň», «şahsy adamyň», «Şahsy adamlaryň», «şahsy taraplary», «Şahsy taraplaryň» we «edara görnüşindäki beýleki taraplar» diýen sözleri, degişlilikde, «ýuridik we fiziki şahslardan», «ýuridik şahslar», «fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar», «fiziki şahslar», «Fiziki şahslar», «Fiziki şahs», «fiziki şahsyň», «fiziki şahs», «Fiziki şahsyň», «fiziki şahsy», «Ýuridik şahslar», «ýuridik şahs», «ýuridik şahsyň», «ýuridik şahsy», «fiziki ýa-da ýuridik şahsyň», «ýuridik şahslaryň», «ýuridik şahsa», «ýuridik şahsyna», «Ýuridik şahsyň», «ýuridik şahslara», «ýuridik şahslary», «Ýuridik şahs», «fiziki şahslaryň», «Ýuridik şahslary», «fiziki şahslara», «Fiziki şahslary», «fiziki şahsa», «ýuridik şahsdan», «Fiziki şahsy», «fiziki we ýuridik şahslaryň», «fiziki şahs ýa-da ýuridik şahsyň», «Fiziki we ýuridik şahslaryň», «fiziki hem-de ýuridik şahslaryň», «ýuridik ýa-da fiziki şahs», «ýuridik şahslardan», «fiziki şahslardan», «ýuridik we fiziki şahslar», «Ýuridik şahslaryň», «fiziki we ýuridik şahslar», «ýuridik şahslarda», «ýuridik we fiziki şahslaryň», «Fiziki şahslardan», «fiziki şahsdan», «fiziki şahsynyň», «Fiziki şahslaryň», «fiziki şahslary» we «beýleki ýuridik şahslar» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 72-nji maddanyň birinji böleginiň dördünji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«öz ygtyýarlygynyň çäklerinde we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pula gözegçilik edýän agent hökmünde Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen işi amala aşyrmagyň çäklerinde dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan ýol berlen Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň bozulmalary barada özlerine mälim bolan ýagdaýlar hakynda pula gözegçilik edýän edara habar bermek;»;

3) 105-nji maddanyň üçünji tesiminiň hem-de 122-nji maddanyň ikinji böleginiň ikinji tesiminiň hereketlerini täzeden herekete girizmeli;

4) 119-njy maddadaky tablisanyň «Goşmaça tölegleriň möçberleri» diýen sütüninde:

«Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar boýunça» diýen bölümde:

«Temmäki önümleri» böleginde «145%-i» we «6,25» diýen sanlary, degişlilikde, «181,25%-i» we «7,81» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary» böleginde «30,5» diýen sany «38,13» diýen sana çalşyrmaly;

5) 212-nji maddanyň üçünji tesiminde «, Abadan şäherleri» diýen sözleri «şäheri» diýen söze çalşyrmaly.

3. 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2014 ý., № 1, 49-njy madda; 2016 ý., № 4, 144-nji madda; 2019 ý., № 4, 94-nji madda) 2-nji maddasynyň üçünji tesiminde «2025-nji» diýen sany «2030-njy» diýen sana çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär, muňa şu Kanunyň I bölüminiň ikinji böleginiň 4-nji bendi degişli däldir.

III. Şu Kanunyň I bölüminiň ikinji böleginiň 4-nji bendi 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.