TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Kanuny

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

I. 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 32-nji madda; 2021 ý., № 1, 24-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1-nji maddanyň ikinji böleginde «teswirnama,» diýen sözden soň «ähtnama,» diýen sözi goşmaly;

5-nji maddanyň dördünji böleginiň birinji tesiminde «baglaşmak» diýen sözden soň «we olara goşulmak» diýen sözleri goşmaly;

7-nji maddada:

ikinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Gol çekýänleriň derejesinde deňligi saklamak üçin Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň beýleki resmi adamlaryna Türkmenistanyň halkara şertnamalary boýunça gepleşikleri geçirmek we gol çekmek ygtyýarlyklary berlip bilner.»;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«4. Şu maddanyň ikinji böleginiň soňky tesiminde göz öňünde tutulan Türkmenistanyň halkara şertnamalary boýunça gepleşikleri geçirmek we gol çekmek ygtyýarlyklarynyň berilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy esasynda resmileşdirilýär ýa-da bellenen tertipde ylalaşylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

* * *

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:

1. 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 48-nji madda; 2017 ý., № 3, 108-nji madda; 2019 ý., № 4, 71-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda) 12-nji maddasynyň ikinji böleginiň 5-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«51) Adalatçy we onuň orunbasary;».

2. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 157-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 151-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

1) 1-nji maddanyň birinji böleginde:

«adamlary» diýen sözden soň «, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki şahslar» diýen sözleri goşmaly;

şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Adalatçynyň wezipesi döwlet wezipesi bolup durýar.»;

2) 2-nji maddanyň mazmunynda «adamlarynyň» diýen sözden soň «, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we beýleki şahslaryň» diýen sözleri goşmaly;

3) 8-nji maddanyň birinji böleginiň birinji sözleminden soň şu mazmunly sözlemi goşmaly: «Adalatçynyň orunbasarynyň wezipesi döwlet wezipesi bolup durýar.»;

4) 16-njy maddanyň mazmunyny «1.» san bilen belgilemeli we şu mazmunly bölegi goşmaly:

«2. Adalatçy ygtyýarlyk möhletiniň dowamynda diplomatik pasporty bilen üpjün edilýär.»;

5) 18-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«4) adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan wezipeli adam ýa-da ygtyýarly adam babatda düzgün-nyzam ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçiligini ýa-da jenaýat işini gozgamak hakynda teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara ýa-da beýleki ygtyýarly adamlara ýüz tutýar;»;

6) 19-njy maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Adalatçy Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň, döwlet gullukçylarynyň, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we olaryň ygtyýarly adamlarynyň çözgütlerine we hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlaryna, eger öň arza beriji bu çözgütlere ýa-da hereketlere (hereketsizlige) kazyýet ýa-da administratiw tertipde şikaýat edip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolman beren şikaýatyna seredýär.»;

7) 21-nji maddanyň birinji böleginde «adamlarynyň» diýen sözden soň «, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we olaryň ygtyýarly adamlarynyň» diýen sözleri goşmaly;

8) 23-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Adalatçy şikaýat gelip gowşan gününden başlap bir aýdan gijä galman oňa seredýär. Şikaýata seretmek üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerur bolan halatynda ol möhlet Adalatçy tarapyndan uzaldylyp bilner. Şunda şikaýata seretmegiň möhleti Adalatçy tarapyndan kyrk bäş güne çenli uzaldylýar.»;

9) 24-nji maddada:

birinji bölekde «adamyň» diýen sözden soň «ýa-da ygtyýarly adamyň» diýen sözleri goşmaly we «şaýatnamalar» diýen sözi «subutnamalar» diýen söze çalşyrmaly;

üçünji bölekde «diwanynyň» diýen sözi «Diwanynyň» diýen söze çalşyrmaly;

10) 27-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Eger-de ýüztutmada görkezilen mesele boýunça goşmaça barlaglary geçirmegiň zerurlygy ýüze çykan halatynda ýüztutmanyň seredilmegi üçin Adalatçy tarapyndan bellenilen möhlet ýüztutma iberilen wezipeli adam tarapyndan bir aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner. Şunda möhletiň uzaldylan gününden başlap üç günüň dowamynda bu barada Adalatça ýazmaça habar berilmelidir.»;

11) 30-njy maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda Adalatçy hereketleri (hereketsizligi) bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan kärhanalara, edaralara, guramalara, wezipeli adamlara ýa-da beýleki ygtyýarly adamlara adamyň bozulan hukuklaryny we azatlyklaryny gaýragoýulmasyz dikeltmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan babatda bolsa düzgün-nyzam ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçiligini ýa-da jenaýat işini gozgamak hakynda maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara ýa-da beýleki ygtyýarly adamlara ýüz tutýar. Adalatçy adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyna getirip biljek ýagdaýlaryň öňüni almak babatda hem teklibini berip biler.»;

ikinji bölekde «ýa-da wezipeli adamlar» diýen sözleri «, wezipeli adamlar ýa-da beýleki ygtyýarly adamlar» diýen sözlere çalşyrmaly;

12) 41-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«41-nji madda. Adalatçynyň Diwany we sebitleýin edaralary, olaryň işgärleriniň hukuk ýagdaýy

1. Adalatçynyň işiniň hukuk, guramaçylyk, ylmy-seljeriş, maddy-tehniki, maliýe we hojalyk, maglumat beriş we gaýry üpjünçiligini amala aşyrmak üçin Adalatçynyň Diwany döredilýär.

2. Adalatçynyň Diwany ýuridik şahs bolup, karz edaralarynda hasaplaşyk we beýleki hasaplary, şeýle-de möhri, möhürçeleri we beýleki maglumatlary bolan döwlet edarasydyr.

3. Ýerlerde Adalatçynyň sebitleýin edaralary döredilip bilner. Olarda Adalatçy tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan işgär işi alyp barýar.

4. Adalatçynyň Diwanynyň we sebitleýin edaralarynyň işgärleri döwlet gullukçylary bolup durýarlar. Olaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi, şeýle-de döwlet gullugyny geçmegi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.»;

13) 42-nji we 43-nji maddalarda «diwanynyň» we «diwan» diýen sözleri degişlilikde «Diwanynyň» we «Diwan» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

* * *

«Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 56-njy madda; 2016 ý., № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 4, 102-nji madda; 2021 ý., № 1, 23-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 51-nji maddanyň mazmunynda «şahslardyr» diýen sözi «Türkmenistanyň raýatlarydyr» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 6-njy maddanyň ikinji böleginde 11-nji we 14-nji bentlerden soň degişlilikde şu mazmunly bentleri goşmaly:

«111) birinji sekretar — konsul;»;

«141) attaşe — konsul;»;

3) 7-nji maddanyň dördünji böleginde «konsul» diýen sözden soň «, konsulyň orunbasary» diýen sözleri goşmaly;

4) 9-njy maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Şu bölegiň 2-nji bendinde görkezilen diplomatik gullugyň işgärleriniň halkara guramalardaky iş möhleti Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hasaplanylýar we diplomatik gullukdaky iş döwrüne goşulýar.»;

5) 111-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«111-nji madda. Işler wagtlaýyn ynanylan

Işler wagtlaýyn ynanylan — Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçiniň ýok wagty onuň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmek üstüne ýüklenen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalarynda işleýän diplomatik gullugyň işgäridir.

Wezipeleri ýüklemek we olardan boşatmak Türkmenistanyň daşary işler ministriniň buýrugyna laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle wezipeleriň ýüklenilmegi we olardan boşadylmagy barada habar bolýan ýurduna haýal etmän ýetirilmelidir.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

* * *

«Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda

I. 2002-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky «Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 161-nji madda) 1-nji maddasyna şu mazmunly bölegi goşmaly:

«3. Halkara guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekil wezipesi Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi wezipesine deňelýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

* * *

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda

I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy we 162-nji maddalar; 2017 ý., № 1, 12-nji we 30-njy maddalar, № 2, 74-nji madda, № 3, 105-nji madda, № 4, 147-nji we 167-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 90-njy we 106-njy maddalar; 2019 ý., № 1, 7-nji madda, № 4, 65-nji we 90-njy maddalar; 2020 ý., № 3, 37-nji madda; 2021 ý., № 1, 13-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; № 4, 147-nji madda; 2022 ý., № 2, 26-njy madda, № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda, № 3, 73-nji madda, № 4, 92-nji madda) şu goşmaçany we üýtgetmäni girizmeli:

299-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«2991-njy madda. Adamlaryň pensiýa we pensiýalara goşulýan goşmaça töleglere bolan hukuklarynyň hem-de olaryň möçberleriniň kesgitlenilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen resminamalary we maglumatlary bermek möhletiniň bozulmagy ýa-da bu maglumatlaryň nädogry berilmegi

1. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralaryna adamlaryň pensiýa we pensiýalara goşulýan goşmaça töleglere bolan hukuklarynyň hem-de olaryň möçberleriniň kesgitlenilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen resminamalaryň we maglumatlaryň iş berijiler we arhiw edaralary tarapyndan bermek möhletiniň bozulmagy, -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Iş berijiler we arhiw edaralary tarapyndan adamlaryň pensiýa we pensiýalara goşulýan goşmaça töleglere bolan hukugyny hem-de olaryň möçberini kesgitlemek üçin resminamalaryň we maglumatlaryň nädogry berilmegi, -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

480-nji maddanyň birinji böleginde «297-299» diýen sanlary «297-2991» diýen sanlara çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

* * *

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda

2010-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde gol çekilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

* * *

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda

1965-nji ýylyň 8-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýasyna goşulmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

* * *

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

* * *

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.