TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Berline amala aşyran saparyňyz hem-de 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda geçirilen “Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek” mowzugy boýunça duşuşyga işjeň gatnaşandygyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Aşgabatda bolan duşuşykdan soňra Sizi we türkmen wekiliýetini Berlinde mübäreklemek meniň üçin uly hormat boldy. Biziň ykdysady gatnaşyklarymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge çalyşýandygymyz bilen baglylykda, german işewür toparlary Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler. Germaniýa, ilkinji nobatda bolsa, Kansler Şols bu çakylyk bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle hem sebitleriň, ýagny Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uly kuwwatynyň bardygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Bilelikde belent sepgitlere ýetip bolýar! German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň bu formaty saklap galmagy başarandygy meniň üçin aýratyn ýakymlydyr. Şu komitetiň çäklerinde Berlinde bolan duşuşygyň barşynda kesgitlenen ulgamlarda, aýratyn-da, oba hojalygynda bilelikdäki anyk taslamalary ilerledip biljekdigimize ynanýaryn.

Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Aşgabada gelmäge çakylyk we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli 27-nji sentýabrda geçirilen giň gerimli, haýran galdyryjy dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirýärin. Bu baýramçylyk bilen Sizi ýene-de bir gezek gutlamak isleýärin. Elbetde, şol günlerde Siziň bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen netijeli söhbetdeşlikler aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga umyt edýäris we Berlinde nobatdaky bilelikdäki işewürlik maslahatynyň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Katrina KLAAS-MÝULHOÝZER,
GFR-iň “CLAAS” kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy.