TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belende galmagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryňyzdan ugur alnyp, adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar hem-de jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda hem-de olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly derejede üpjün etmek, saglygy goraýyş edaralary üçin ýörite bilimli, öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak, ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siz: «Ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, biz berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge örän uly ähmiýet berýäris» diýip belleýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda açylyp ulanmaga berilýän döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri ýurdumyzda adam hakyndaky aladalaryň täze taryhy döwrümizde hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Siziň baştutanlygyňyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň täze taryhy döwrümizde hem üstünlikli dowam etdirilmeginiň netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistanda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar we lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Her ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaralar geçirilýär. Bu hünär baýramçylygy saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri wagyz etmekde, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde möhüm çäre bolup durýar. Bu baýramçylygyň hormatyna paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň, «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahatyň, dürli çäreleriň, welaýatlarymyzda durky täzelenen köpugurly hassahanalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi baýramçylygyň şatlygyny has-da artdyrar.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bolsa ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny wagyz etmäge, halkara tejribeleri alyşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Siziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda umumadamzat ähmiýetli meseleleriň hatarynda adamyň saglygy üçin möhüm bolan ekologiýa bilen bagly meselelere aýratyn üns çekmegiňiz we halkara parahatçylyga gönükdirilen teklipleri öňe sürmegiňiz ýurdumyzyň daşary syýasy abraýyny has-da artdyrdy.

Hormatly Arkadagly Serdarymyz!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.