TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Döwlet baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde kuwwatly, durnukly we hemmetaraplaýyn ösýän döwleti gurmakda uly ösüşler gazandy, içeri hem-de daşary syýasatynda ägirt uly üstünliklere eýe boldy. Türkmenistan häzirki döwürde halkara giňişlikde mynasyp orun eýeleýär.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky iki halkyň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryna, umumy taryhyna esaslanýan syýasy hyzmatdaşlygyň ýeten derejesine ýokary baha bermek bilen, bu gatnaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine birek-birege ynanyşmak, dostluk, strategik hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de okgunly we hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ermenistan Türkmenistan bilen birek-birege hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Ermeni-türkmen döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Waagn HAÇATURÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş gününiň 78 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagyňyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, dürli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkeýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak maksady bilen, geljek ýyllarda Siziň bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga şatdyryn.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Ýun Sok ÝOL,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran saparym mahalynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Biziň yzygiderli gatnaşyklarymyz ykdysady, maýa goýum, medeni we ylym-bilim ulgamlarynda sazlaşykly ösýän tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykýandygyna şaýatlyk edýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen ýene bir gezek gutlaýaryn. Döwlet gurluşynyň 30 ýyldan gowrak wagtynyň içinde gazanylan ösüşler haýran galdyrýar. Şu döwürde türkmen halkynyň görkezen agzybirligi, ruhubelentligi we zähmetsöýerligi ýurduň nurana geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýär.

Size we Türkmenistanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Hormatlamak bilen,

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygymy hem-de 2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabada bolan resmi saparyň barşynda meniň we Astrahan oblastynyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmäge rugsat bermegiňizi haýyş edýärin.

Siziň bilen ýene-de duşuşmak hem-de Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meniň üçin uly hormat boldy. Özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň biziň gepleşiklerimiziň aýdyň netijesi boljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Astrahan oblasty bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsüňize ýokary baha berýärin hem-de myhmansöýerlik we hoşniýetlilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirýärin.

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli Size berk jan saglyk, üstünlik we bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Doglan günüňizi ýakynlaryňyz bilen bilelikde belläp, onuň Siziň ýadyňyzda uzak wagtlap galjak aýratyn ýatlamalara baý bolandygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Kataryň Olimpiýa Komitetiniň adyndan Size Olimpiýa hereketini ösdürmäge berk ygrarlydygyňyz üçin hoşallyk bildirmek isleýärin we Siziň bilen ýakyn wagtda duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Joan bin Hamad AL TANI,
Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýanyň Atly sport federasiýasynyň ähli işgärleriniň adyndan doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymyzy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Ýurduňyzyň üstünlikleri Siziň güýç-gaýratyňyz we maksada okgunlylygyňyz, strategik pikirlenmek, giň möçberli wezipeleri öňde goýmak we çözmek başarnygyňyz bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gürrüňsiz, Siziň iş başarjaňlygyňyz, zähmetsöýerligiňiz we tutanýerliligiňiz, sebitiň meselelerini oňat bilýändigiňiz Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine, rowaçlanmagyna ýardam eder.

Geljek ýyllaryň asylly işlere baý boljakdygyna hem-de täze şowlulyklaryň, ýeňişleriň, üstünlikleriň şatlygyny getirjekdigine ynanýarys. Goý, islendik başlangyçlarda, islendik ýaşda berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uly ynam we maşgala abadançylygy Siziň hemişelik hemraňyz bolsun!

Marina SEÇINA,
Russiýanyň Atly sport federasiýasynyň prezidenti, Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti.