TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda

Hatyra gününiň dynç gününe düşýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2024-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç gününi 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabry.