TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň ady­na mä­hir­li gut­lag­lar

Şu gün­ler Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ady­na ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­den we da­şa­ry ýurt­lar­dan gut­lag hat­la­ry ge­lip go­wuş­ýar. Döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri, mi­nistr­lik­le­riň, eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, dip­lo­mat­lar, ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň ra­ýat­la­ry hat­la­ryn­da gys­ga döw­rüň için­de sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni ul­gam­lar­da ama­la aşy­ry­lan öz­gert­me­le­riň hal­kyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dy­ran­dy­gy­ny nyg­ta­ýar­lar. Gut­lag hat­la­ry­ny ibe­ren­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­ýar­lar hem-de berk jan sag­lyk, uzak ömür, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýär­ler.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si A.Kuç­ka­row, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si T.Oral, Gru­zi­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si K.Sa­biaş­wi­li, şeý­le hem Türk­me­nis­tan­da adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly we­kil — Ada­lat­çy Ý.Gur­ban­na­za­ro­wa, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy Ý.Işan­gu­ly­ýew gut­lag hat­la­ry­ny iber­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň Ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Ka­ha Im­nad­ze, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty­nyň gu­ber­na­to­ry I.Ba­buş­kin, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Çel­ýa­binsk ob­las­ty­nyň gu­ber­na­to­ry A.Teks­ler, Tür­ki ma­ýa go­ýum gaz­na­sy­nyň pre­zi­den­ti B.Am­re­ýew, Li­wi­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk býu­ro­sy­nyň baş­ly­gy Mah­mud Ab­du­la­ziz Ha­san, Kaw­kaz mu­sul­man­lar mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy, GDA-nyň Di­na­ra ge­ňe­şi­niň ge­zek­le­şik­li baş­ly­gy Şeýh-ul-Ys­lam Al­lah­şu­kur Pa­şa­za­de, Apos­tol nun­sia­tu­ra­sy­nyň ad­mi­nist­ra­tiw me­se­le­ler bo­ýun­ça at­ta­şe­si Pa­wel Ýa­nuş Ku­biak, Ýew­ra­zi­ýa halk­la­ry­nyň As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry A.Bel­ýa­ni­now, «Hal­dor Topsoe» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti we ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Ro­land Ba­an, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Gazp­rom» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­çi­li­gi­niň di­rek­to­ry M.Aý­ra­pet­ýan, «Dae­woo En­gi­nee­ring & Const­ructi­on Co., Ltd» ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Jong Uon-Ju, «LX In­ter­na­tio­nal» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti we baş di­rek­to­ry Ýun Çun Son, «Dra­gon Oil» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Ali Ra­şid Al Jar­wan we beý­le­ki­ler tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny hem-de iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.