
Garaşsyzlyk — bagtymyz
Mähriban halkymyz 1991-nji ýylyň sahawatly güýzünde döwletliligiň, erkinligiň, galkynyşyň aýdyň ýoluna düşüp, ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletine, mukaddes Garaşsyzlygyna eýe boldy.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, ertir hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň belent tutumlary bilen galkynýan ýurdumyzda ähli halkymyz agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy toýlanýar. Garaşsyzlyk güni babatda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän dürdäne setirlerde şeýle sözler bar. “Garaşsyzlyk güni pähim-paýhasly, zehinli zähmetsöýer halkymyzyň döredijilikli ruhuny öz içine alýan, köňüllerimize buýsanç, kalbymyza mähir paýlaýan hem-de aýratyn taryhy many-mazmuna, uly ähmiýete eýe bolan baş baýramymyzdyr”
Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde güneşli Diýarymyz soňky sanlyja ýylyň içinde sebitiň we dünýäniň ençeme döwletleriniň ösüşine oňaýly täsir edýän hem-de halkyň eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün edýän berkarar döwlete öwrüldi. Halkymyz bu mukaddes baýramçylyga özüniň gazanan ajaýyp zähmet üstünliklerini, rowaçlyklaryny, ýeten belent sepgitlerini peşgeş edýär.
Ata Watanymyzyň ähli welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde aýdym-sazyň joşguny belentden ýaňlanar. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Her ýyl baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bu maslahatda ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda asuda ýaşaýşynyň belent derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli kararlaryň birnäçesi kabul edildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň mähriban paýtagtymyzyň ak mermere beslenen keşbine ornan baýramçylyk öwüşginleri Aşgabadyň toý joşgunyny özboluşly şöhlelendirýär. Ak şäherimiziň nurana köçeleriniň, şaýollarynyň ugrundaky elektron tablolarda ruhubelent şygarlaryň, «Garaşsyz Türkmenistana 33 ýyl» ýazgylarynyň ýazylmagy, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna bökdençsiz hyzmat edýän döwrebap awtobuslaryň ýüzünde: «Halk Maslahaty: bagtyýar geljek, täze maksatlar», «Döwlet adam üçindir!», «Pyragyň arzuwlan zamany geldi», «Biz bilelikde beýik geljegimizi gurýarys!», «Halk Maslahaty: demokratiýanyň we jebisligiň aýdyň ýoly» ýaly ajaýyp şygarlar bilen bezelmegi bolsa ähli halkymyzyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bähbitli beýik işlere buýsanjyny goşalandyrýar. Garaşsyzlyk türkmen halkyny dünýä çykardy, onuň at-abraýyny, şöhratyny, mertebesini, ruhy dünýäsini belende göterdi. Bu döwürde ýurduň, halkyň ykbaly bilen baglanyşykly bolan islendik mesele iňňän oýlanyşykly, akylly-başly çözüldi. Garaşsyzlyk türkmene gurmaga we döretmäge giň mümkinçilikleri döretdi.
Hawa, Türkmenistan atly owadan ýurdumyzy gülledip ösdürmegiň, hemişe rahat, bagtyýar durmuşyň, öz erkli ýaşaýşyň, berkarar döwletliligiň mizemezliginiň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyz dur. Garaşsyzlygyň geçen sanlyja ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz özgertmeler ýolunda dünýä nusgalyk işleri amal etdi. Taryh üçin gysga döwrüň içinde asyrlara barabar amal edilen işler ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertdi. Türkmen döwleti öňdengörüjilikli syýasaty bilen ösüş, hyzmatdaşlyk, dostluk we abadançylyk ýollaryny açdy. Bilşimiz ýaly, ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň arasynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» eseriniň ikinji kitabynda: «Ýollar Türkmenistandan dünýäniň çar künjüne sary rowan bolýar. Bu taryhy hakykatyň üçünji müňýyllygyň başky çärýeginde täze röwşe eýe bolýandygy dünýä äşgär. Awtoýollary, polat ýollary, deňiz, derýa, howa, ýangyç-energetika ýollary — bularyň ählisi, gadymy kerwenleriň gatnan Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbidir. Ýollar halklary doganlaşdyrmaga, medeniýetleri baýlaşdyrmaga çagyrýar. Türkmenistanyň tutuş sebitde ulag-logistika merkezine öwrülmeginiň düýp maksady hem şundadyr» diýip jaýdar belleýär.
Mukaddes Garaşsyzlyk — halkymyzy maksadyna ýetirýär. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlygymyz, onuň gözbaşlary hem esaslary hakynda giňden söhbet açýar. 13 bapdan düzülen kitabyň her babynda döwletimiziň baş ýörelgesine laýyk, ýagny adamyň, halkyň bähbidine gönükdirilen özgertmeleriň, gazanylan köpasyrlyk ösüşleriň waspy çuň manyda beýan edilýär. Milli Liderimiz bu kitabynyň «Gözbaşlar joşly olsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar», «Ýoluňyz ak bolsun!» diýlip atlandyrylan baplarynda maksatly menzillere ýetmekde ata-babalarymyzyň durmuşa ornaşdyran köp ýyllyk kämil tejribeleriniň esas bolup durýandygyny aýratyn nygtaýar.
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýol, köpri gurmakda, dünýä uzaýan ak ýollar arkaly ähli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek babatda binýadyny goýan beýik işleri uly rowaçlyklara beslenýär. Şonuň üçin biz ak laçyn deý uçarlarda sähel sagatda dünýäniň islendik ýerine baryp bilýäris. Awtoýollaryň, polat ýollaryň, deňiz-derýa ýollarynyň üsti bilen ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Ýollarymyzyň asuda, parahat, ygtybarly bolmagy biziň her birimiziň ruhy dünýämize ganat berip, milli Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryna bolan guwanjymyzy artdyrýar.
Goý, berkarar döwletimizi, mähriban halkymyzy ynamly gadamlar, beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen ANNAMUHAMMEDOWA,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.