
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi
Aşgabat, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Şu gezekki forum dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň hem-de olaryň ata Watanymyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.
1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) işi Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan işleriň mazmuny we ugry ýylyň-ýylyna giňeldilýär, birleşigiň agzalary öz ýaşaýan ýerlerinde dürli çäreleri guraýarlar. Bu günki gün DTYB döwletimiziň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmekde, taryhyny we dilini öwrenmekde aýratyn orny bolan abraýly halkara gurama öwrüldi.
Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty açyk diýlip yglan edildi.
Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi maslahatyň dabaraly böleginiň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy. Onda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe DTYB-nyň işiniň geljekki ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meseleleri öz beýanyny tapdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Gutlagda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmakda, dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirilýär.
Halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, edebiýatyny we dilini wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. Bu birleşik dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly gurama öwrüldi. Doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da jebisleşdirmekde, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da ýaýbaňlandyrmakda, aýratyn-da, halkymyzyň baý ruhy-medeni mirasyny wagyz etmekde ägirt uly işler alnyp barylýar. Halklary birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmak, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi dabaralandyrmak biziň baş maksadymyzdyr diýlip, Gutlagda nygtalýar.
Maslahatda halkymyzyň abadançylygyny we Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar hem-de dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar barada giňişleýin maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýada, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistanda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi hereket edýär. Olarda türkmen baýramlary, şanly seneler we Türkmenistanyň halkara başlangyçlary bilen baglanyşykly çäreler giňden bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýär. Bu şygaryň many-mazmuny ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşlaryň mynasyp terbiýelenmegine ýardam etmekden, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr.
Dostlukly döwletler hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara çäreleri guramaga öz goşantlaryny goşýarlar hem-de olara işjeň gatnaşýarlar. Şahyryň doglan gününi baýram etmegiň çäklerinde onuň baý edebi mirasyny wagyz etmek maksady bilen, köp sanly ýurtlarda maslahatlar, tanyşdyrylyş dabaralary, döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Şu ýylyň baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyna gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralar hem girýär. Halklaryň arasynda özara düşünişmäge, dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýän sergiler, Medeniýet günleri, konsertler we beýleki çäreler hem yzygiderli geçirilýär.
Bellenilişi ýaly, DTYB-nyň bölümleriniň agzalary Watanymyz bilen ýygjam gatnaşyklary goldap, öz ýaşaýan ýerlerinde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, milli medeniýetimizi, däp-dessurlary wagyz edýärler. Ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoluny öwrenmek bilen, olar toplan maglumatlary bilen elektron we döwürleýin neşirler arkaly dünýäniň dürli ýurtlarynyň okyjylaryny tanyşdyrýarlar. Şunda birleşmäniň “Türkmen dünýäsi” gazetine aýratyn orun degişlidir. Häzirki döwürde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigini dünýäde abraýly guramalaryň biri diýip atlandyrmak bolar.
Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýär.
Soňra daşary ýurtly watandaşlarymyza söz berildi. Olar pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge we häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen içgin tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Germaniýadan, Owganystandan, BAE-den, Türkiýeden gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işi barada gürrüň berip, häzirki döwürde Türkmenistanyň däp bolan dostluk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, dürli ulgamlarda daşary döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürýändigini buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň wekiliýet agzalary ata-babalarymyzyň ynsanperwer däplerine çuňňur hormat goýýandyklary, daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenlere berýän goldaw-kömekleri, birnäçe doganlyk döwletlerde ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalary, hususan-da, mekdepleri gurduryp berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ozaldan ýola goýlan gatnaşyklaryň netijesinde dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler öz ene dilini, milli däplerini, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklaýarlar we nesilden-nesle geçirýärler. Şeýle-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi.
Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.
DTYB-nyň XXV maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Onda Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkara abraýynyň pugtalandyrylmagynyň, milletimiziň ruhy taýdan galkynmagynyň hatyrasyna edilýän ýadawsyz tagallalar, daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň alyp barýan işlerine ägirt uly üns berilýändigi üçin çuňňur hoşallyk beýan edilýär.
Medeniýet we sungat ussatlary maslahata gatnaşyjylar üçin öz sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Garaşsyz Watanymyzy, türkmen topragyny, zähmetsöýer halkymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.
Daşary ýurtlardan gelen watandaşlarymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçiriljek ähli baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar.