TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Dünýäniň häzirki ýüzbe-ýüz bolýan wehimleri bizden raýdaşlyga, özara hormat goýmaga we düşünişmäge esaslanýan bilelikdäki tagallalary talap edýär. Ýagty geljek parahatçylygyň, adamlaryň hukuklarynyň, ýaşaýan ýerine garamazdan, ähli adamlar üçin abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryň goldanylmagy hem-de her bir ýurduň öz milli çäklerinden çykmagy esasynda gazanylyp bilner.

Birleşen Milletler Guramasy Siziň ýurduňyz üçin şu şatlykly günde Türkmenistanyň ähli halkynyň begenjini paýlaşýar we men adamlar üçin hem, dünýä üçin hem has gowy, sagdyn, howpsuz geljegi üpjün etmek ugrunda bilelikdäki işimizi dowam etdirjekdigimize umyt edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Antoniu GUTERRIŞ,
BMG-niň Baş sekretary.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini meni guwandyrýar. Munuň özi biziň syýasy dialogymyzyň işjeňleşdirilmegi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly geljegi bilen şertlendirilendir.

Ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pariže bolan saparynyň jemlerine laýyklykda, biz ykdysady, ekologiýa, oba hojalygy, energetika, ylym we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak boýunça işlerimizi dowam etdirmelidiris. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde täze taslamalaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Emmanuel MAKRON,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň dostlukly halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti häzirki döwrüň wehimleri bilen baglylykda has-da artmak bilen, ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam döredýär.

Jenap Prezident, Size we Türkmenistanyň ähli halkyna Italiýa Respublikasynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin!

Serjio MATTARELLA,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Sizi Slowakiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaýaryn.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigimi we bu hyzmatdaşlygymyzyň iki ýurduň raýatlarynyň, tutuş halkara jemgyýetçiligiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Türkmenistana we onuň halkyna tüýs ýürekden abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Zuzana ÇAPUTOWA,
Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Sloweniýa Respublikasynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaýaryn. Size we Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda mundan beýläk-de özara hormat goýmak, hyzmatdaşlyk ruhunda ösdüriljekdigine berk ynanýandygymy beýan etmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nataşa Pirs MUSAR,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Çehiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan oňyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň dostluk, özara hormat goýmak ruhunda yzygiderli ösdürilýändigine şatdyryn. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkyňyzyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Petr PAWEL,
Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Size Serbiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň dostlugyna we özara düşünişmegine esaslanyp, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Aleksandr WUÇIÇ,
Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we doganlyk türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu şanly sene Siziň ýurduňyzyň özygtyýarly ösüşinde aýdyň sahypa bolmak bilen, döwletlilik sütünleriniň pugtalandyrylmagyna, raýatlarymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine hem-de Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň belende göterilmegine gönükdirilen döredijilikli syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň alamatydyr.

Gazagystanda Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerine tüýs ýürekden buýsanýarys hem-de köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, iki döwletiň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris. Bilelikdäki tagallalar arkaly köpugurly gatnaşyklarymyza hil taýdan täze many-mazmun berjekdigimize, gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň täze giňişliklerini açjakdygymyza ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Soňky ýyllaryň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklar we netijeli hyzmatdaşlyk has-da giňeldildi. Bu hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdüriljekdigine, halklarymyzyň arasynda dialogyň, dostlugyň pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ýun Sok ÝOL,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.