TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda

2023-nji ýylyň 20-nji martynda Doha şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda

2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda

1986-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Wena şäherinde kabul edilen Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda

1986-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Wena şäherinde kabul edilen Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Halkara korrupsiýa garşy akademiýany halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda

2010-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Wena şäherinde kabul edilen Halkara korrupsiýa garşy akademiýasy halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda

1998-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Baku şäherinde kabul edilen Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.