TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Deňiz suwunyň ähmiýeti

Türkmenistanyň Hazaryň ylalaşyk hem hyzmatdaşlyk deňzine öwrülmegi baradaky garaýşy hem dünýä nusgalykdyr. Bu ugurda ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy gyzyklanmalaryň deňeçerliginde deňhukukly özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty işjeň durmuşa geçirýär. Türkmenistan özüniň milli bähbitlerine esaslanyp, şeýle hem halkara hukugynyň kabul edilen kadalaryndan ugur alyp, Hazar meselesini çözmekde turuwbaşdan Hazarýaka döwletleriniň özygtyýarly hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek hem-de olar üçin makul boljak çözgütleri gözlemek ugruna esaslandy.

Parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruny amala aşyrýan Türkmenistan goňşy döwletler bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkidýär. Elbetde, bu gatnaşyklar dürli ugurlary, şol sanda Hazar deňziniň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy hem  öz içine alýar.

Hazar deňziniň daşky gurşawynyň, ekologiýasynyň goraglylygyny üpjün etmek Hazarýaka döwletleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistan bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny takyk ýerine ýetirýär hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy we beýleki halkara edaralarydyr guramalary bilen bilelikde tebigaty goramak boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Zähmet rugsadyny gyzykly we peýdaly geçirip, täze güýç, oňat keýp bilen ýene-de işe başlamagy islemeýän adam ýok bolsa gerek. Kaşaň jaýlarda ýerleşen, ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty ýola goýlan şypahanalarda saglygyňy dikeltjekmi ýa-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç aljakmy berkarar Diýarymyzda ähli mümkinçilikler bar. Hat-da Hazaryň saglyk üçin has ýaramly türkmen kenarynda dynç alyp, onuň jana tenekar suwunda gulaçlap ýüzmek hem bagtyýarlykdan nyşan.

Deňziň suwunda ýod köpdür. Bu element beýniniň funksiýasyny işjeňleşdirýär, ýatkeşligi gowulandyrýar, galkan şekilli mäziň işine itergi berýär. Deňziň kenarynda 15-20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi 35 göterim ýokarlanýar. Hlorly natriý (nahar duzy) deňiz suwuna şorumtyk tagam, hlorly we kükürtli magniý bolsa ajymtyk tagam berýär.

Deňizde 30 minutlap suwa düşülmegi bedeniň hemme ýeri owkalanan ýaly täsir edýär. Tolkunlar deri we myşsalar üçin tebigy türgenleşik bolup durýar. Deňiz suwuny peýdaly görnüşinde daşap bolmaýar. Bir ýere äkitmek üçin gaba salnanda ol 48 sagadyň dowamynda bejeriji makro-mikroelementlerini ýitirýär. Ýer ýüzündäki suwlaryň 97 göterimi deňizleriň we ummanlaryň şor suwlaryndan ybaratdyr. Süýji suwlar Ýer yklymyndaky suwlaryň bary-ýogy 3 göterimini emele getirýär. 1 litr deňiz suwunda dürli duzlaryň 35 gramy bardyr. Deňiz suwy dermatit, neýrodermit we psoriaz ýaly deri keselleriniň alamatlaryndan dynmaga ýardam edýär. Ol şeýle hem, ýarany bitiriji häsiýete eýedir. Deňiz suwunda minerallaryň 90-a golaý görnüşi bolup,olaryň arasynda kaliý, magniý, kalsiý, brom has köpdür. Olar bedendäki alyş-çalyş hadysalaryna we öýjükleriň täzeden dikelmegine ýardam berýär, nerw ulgamyny pugtalandyrýar.

Rejep ÖWLIÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.