
Halk Maslahaty: demokratiýa, adyllyk we jebislik
Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişlikler bolup geçdi. Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Mähriban halkymyz sebitde we dünýäde parahatçylygyň hem abadançylygyň pugtalanmagyna ýardam berýän mukaddes ýol-ýörelgeleri saýlap, dünýewi, hukuk, demokratik döwletiň syýasy, ykdysady, ruhy binýadyny goýdy. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynanyşmak, milli demokratik ýol-ýörelgeleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu belent ýol-ýörelgeler dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilimiň, ylmyň we medeniýetiň hakyky ojagyna, parahat we abadan durmuşyň gülleýän ýurduna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň geljekki meýilnamalara ünsi çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem geçiriljekdigini, onda berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan ýeňişleriň, üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleriniň jemlenilip, öňde duran möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny bellemegi täze taryhy eýýamda jemgyýeti dolandyrmakda ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Ozal agrar ýurt bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulyp, industrial gymmatlyklary özleşdirdi we bu gün industrialdan soňky ösüş ýoluna düşdi. Ýurdumyzda ösüşiň täze nusgasy döreýär. Bu ylym-bilimiň, maglumat-tehnologik mümkinçilikleriň düýpgöter täze derejä çykýan döwrüdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Dünýäniň fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalarynyň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär» diýip, alymlaryň, hünärmenleriň täzeçil we netijeli pikirlenmek, täzeligi aňlamak, innowasion çözgütleri öňe sürmek başarnygyna eýe bolmalydyklaryny nygtaýar. Diýmek, innowasion çözgütleri amal etjek geljekki hünärmenlerde, alymlarda, ähli döredijilik işgärlerinde şu hili ukyplary taplamak döwrüň wajyp talabydyr. ym Arkadagymyzyň eserleri ýaşlarymyzyň gurujy, dörediji adamlar bolup ýetişmekleriniň paýhas esaslary bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Ömür, ömrüň manysy, terbiýe, ýaşaýyş-durmuşyň manysy, ähmiýet bermeli gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň manysy hakdaky öwüt-ündewlerimiziň ýaşlaryň maňzyna batjakdygyna, aňyna ornajakdygyna ynanýaryn» diýip, adamzadyň we halkymyzyň häzirki döwrüň ýaşaýyş paýhasynyň ýörelgelerini öňe süren beýik Magtymgulynyň ylmy-filosofik mirasy barada pikir ýöredýär. Milli Liderimiz: «Il-halkymyzda ahlak garaýyşlaryň gözbaşy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda düzülýär. Çünki şahyryň setirleri özünden soňky nesilleriň ahlak garaýyşlary babatdaky jebisligini kemala getirýär. Magtymguly Pyragy özünden öňki türkmen durmuşy, ykdysady we syýasy garaýyşlar babatdaky ähli bilimleri setirlerinde beýan etdi» diýip, ýaşlarymyza beýik dananyň paýhasyna eýermegi wesýet etmek bilen, olara uly ynam bildirýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaşlar dünýäni aňlamaga we özgertmäge esas döredýän ylma hem-de geljegiň ak ýoluny görkezýän paýhasa eýerip, öz döredijilik gujury bilen ýurdy ösdürmäge, ynsaply ýaşaýyş arkaly jemgyýeti ynsanperwerleşdirmäge goşant goşmalydyr. Şu hili adam pikirlenýän, oýlanýan, durmuşda haýyr işi bilen gowulyklary artdyrmagy içki ynanjyna öwren adamdyr. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, ýaşaýyş ýörelgelerini kemala getirmek döwletiň hem, jemgyýetimiziň hem, diýmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleri ýurdumyzda raýat jemgyýetini kämil derejä çykarmak hem-de türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglydyr. Görşümiz ýaly, ýurdumyzyň Halk Maslahaty bu gymmatlyklaryň has giňden ýaýbaňlanmagy üçin täze esaslary açýar.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meselelerdir kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada — ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, ilimiziň abadan we bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak wezipesini amal etmäge birikdirer. Ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň şu hili tagallalary watandaşlarymyzda geljege bolan ynamy, maksat-wezipelere ygrarlylygy berkidýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzy ösüşiň ak ýoluna düşürip, bilelikde we agzybirlikde etmeli işleri kesgitläp, adamlaryň döredijilik we gurujylyk ukyplarynyň artmagyna täze esaslary döredýär. Türkmen halky abadan we ynsaply jemgyýeti gurup, geljege ynamly barýar.
Tahyr BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri Uly mugallymy