TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Medeniýet — jemgyýetiň jebisliginiň, milli ruhuň mizemez binýady

Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga gönükdirilendir. Bu ulgamda häzirki zaman gazanylanlary sungatyň dürli görnüşleriniň galkynmagyny hem-de ösdürilmegini, giň medeni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Halkara derejede degişli çäreleri guramak üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, döwletimizde we daşary ýurtlarda meşhur söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, ony dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, ildeşlerimizi Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini bellemelidiris. Munuň özi halkara ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we bar bolan ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreler — ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar, dürli döredijilik çäreleri, brifingler, mediaforumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde Diýarymyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň bilim almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýöriteleşdirilen mekdepleriň, oba medeniýet öýleriniň sany ýylyň-ýylyna artyp, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşigiň maksady Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňişleýin öwrenmekden, wagyz etmekden, onuň çuň mana, pähim-paýhasa, ýokary ahlak ýörelgelerine ýugrulan eserleriniň ägirt uly ähmiýeti barada ýaş nesilleriň düşünjelerini giňeltmekden ybaratdyr. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan bu gözden geçiriş döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýaşlary milli medeniýetimiziň genji-hazynasyna aralaşmaklaryna höweslendirmäge şert döredýär.

BMG-niň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri guramanyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýeleýär, her bir halkyň mertebesine we ählumumy gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanan açyk gatnaşyklar üçin amatly şertleri döredýär. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyzda bu guramanyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere-de degişlidir.

Şu ýylyň 20-nji ýanwarynda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisinde türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde, ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň arasyndan birnäçe täsin taryhy desgalaryň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Gadymy Nusaý galasynyň saýlanyp alnyp, olaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigi bellenildi. “Görogly” dessançylyk sungaty, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty bolsa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu abraýly sanawyň üsti “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”, “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly hödürnamalar bilen ýetirildi. 2023-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi. Şol ýylyň fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň birnäçe umumy bilim berýän orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna girizmek boýunça işler geçirilýär.

Milli toparyň mejlisinde nygtalyşy ýaly, ÝUNESKO klublarynyň açylmagy hem ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Parahatçylygyň dilleri”, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň medeniýeti”, Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klublary açyldy. Geçen ýylyň sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikdäki «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi», Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalaryny, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasyny we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütleriň biragyzdan kabul edilmeginiň medeni hyzmatdaşlygyň çäklerini barha giňeldendigine, döwletimiziň halkara abraýyny has-da beýgeldendigine üns çekildi.

Şu ýylyň birinji ýarymynda medeniýet ulgamy tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde Watanymyzyň häzirki zaman gazananlaryny wagyz etmäge gönükdirilen iri çäreler geçirildi.

Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmek, öz halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini — pikirleri, maglumatlary, gymmatlyklary, däp-dessurlary we beýlekileri netijeli peýdalanýar. Bu bolsa halklaryň arasynda özara düşünişmäge ýardam edýär. Şunda şu ýylyň mart — iýun aýlarynda geçirilen ylmy maslahatlara aýratyn orun degişlidir. Hususan-da, 27-nji martda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Döwletimiz syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Munuň şeýledigine bu ugur boýunça dürli ýurtlar bilen üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapy halkara forumlarda öz mümkinçiliklerini işjeň tanyşdyrýar. Aýawly saklanylýan milli mirasymyzyň özboluşlylygynyň, köp sanly arheologik ýadygärlikleriň, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalarynyň ýurdumyza dünýäniň syýahatçylyk bazarynda barha möhüm orun eýelemäge, bu ugurda halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

26-njy aprelde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylaryň, arheologlaryň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, medeni diplomatiýany ösdürmekden, ony halkara giňişlikde giňden ýaýmakdan ybarat boldy.

Beýik söz ussadynyň edebi-filosofik mirasyny çuňňur öwrenmek hem-de Gündogar halklarynyň dilleriniň, edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykarmak meseleleri maý aýynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň çäklerinde medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara maslahatda möhüm orun eýeledi. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň maýynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli bolan bu ýygyndy 80-den gowrak diwandan — beýik söz ussadynyň goşgular ýygyndysyndan ybaratdyr. Halkymyzyň mirasynyň gadymy hem seýrek nusgalary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynyň ýörite bukjalarynda saklanýar. ÝUNESKO şahyryň bu ýygynda girizilen goşgularyny diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň halklarynyň hem ýazuw mirasynyň seýrek nusgasy hökmünde ykrar etdi. Olarda türkmen halkynyň we Gündogar edebiýatynyň dilden aýdylýan şygryýet däpleri öz beýanyny tapýar.

Şeýle hem şol mejlisde 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO agza döwletleriň şanly seneleriniň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar. Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan, beýik türkmen nusgawy şahyrynyň döredijiliginiň eýeleýän möhüm ornunyň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Magtymgulynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda aýratyn orun eýeleýändigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň goldawlary esasynda häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan şahyryň eserleri onlarça dile terjime edilip, çapdan çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistana ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglanyşdyran şahyryň arzuwlan zamanasy geldi.

27-nji martda geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemek hem-de milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara işjeň girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmek 16-njy maýda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň esasy mazmunyny düzdi.

17-nji maýda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaraly çäreleriň özboluşly dowamyna öwrüldi. Magtymguly Pyragy öz ady we gymmatly eserleri bilen eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. Mälim bolşy ýaly, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. Milli Liderimiz hemişe şahyryň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuny aýratyn belleýär.

Sebitiň parahatçylyk dörediji, iri medeni merkezi hökmünde ykrar edilen Türkmenistan medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edip, giň gerimli ynsanperwer hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, festiwallar, sergiler, konsertler, kino görkezilişleri, Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly mizemez gymmatlyklary özünde jemleýän bu çäreler dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan dostlukly halklaryň taryhy-medeni, ruhy däpleriniň umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär.

5-nji fewralda paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy bilen geçirilen döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşant boldy. 3 — 5-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri milli däpleriň we häzirki zaman döredijiliginiň ajaýyp dabaralanmasy boldy. Onuň maksatnamasyna ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi, iki ýurduň artistleriniň “Dostluk agşamy” atly bilelikdäki konserti girizildi. 24-nji aprelde ÝUNESKO-nyň Fransiýanyň paýtagtynda ýerleşýän ştab-kwartirasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde Parižde üstünlikli geçirilen döredijilik forumy köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.

12 — 14-nji iýunda Ýaponiýanyň Tokio we Sukuba şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de onuň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu çäreleriň ählisi dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň giňeldilýändigine şaýatlyk edýär. Şol günlerde döredijilik duşuşyklary, “tegelek stol” maslahaty, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, milli lybaslaryň görkezilişi boldy. 24 — 27-nji iýunda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirildi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Istärin”, “Gyzyl alma” filmleriniň görkezilişi, sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam sungatynyň, suratlaryň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Medeniýet günleri iki dostlukly ýurduň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldawlary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, döredijilik işgärleriniň çekýän asylly zähmetini höweslendirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga we ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň köpöwüşginliligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. 2013-nji ýyldan bäri her ýyl ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýän bu döredijilik baýramçylygy şanly waka hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň iň täze taryhynda mynasyp orun aldy.

22 — 27-nji iýunda Arkadag şäherinde geçirilen nobatdaky medeni forum milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp çärelere baý boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen ägirt uly işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýän sungat baýramçylygynyň köp sanly çäreleri özüne çekijiligi we mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlandy. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri guraldy. Şygryýetiň, halk döredijiliginiň muşdaklary edebiýat agşamlaryna, medeniýet, sungat ussatlarynyň, ýaş artistleriň konsertlerine gatnaşdylar. Geçirilen mowzuklaýyn maslahatlarda, iş maslahatlarynda, «tegelek stol» duşuşyklarynda, brifinglerde taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek, sungatyň dürli žanrlaryny ösdürmek, muzeýleriň, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, şunda sanly tehnologiýalary ulanmak ýaly şu günüň möhüm meseleleri gozgaldy.

Döredijilik çäresi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda türkmen halkynyň beýik şahyrynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýmak dabarasy bilen tamamlandy. Soňra bolsa sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralar, şol sanda baýramçylyk maslahaty ýurdumyzyň durmuşynda ýene bir möhüm waka boldy. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ünsi we goldawy netijesinde ýurdumyzdaky ilkinji “akylly” şäher ýaşamak, zähmet çekmek, dynç almak üçin iň amatly şertleri bolan kämil şäherleriň birine öwrülýär.

Şeýlelikde, şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilen baý mazmunly çäreler şekillendiriş, amaly-haşam, aýdym-saz, teatr we kino sungatyny ösdürmek babatda döredijilik işgärleriniň alyp barýan işleriniň netijesiniň görkezijisi boldy. Bu çäreler jemgyýetimiziň ruhy we döredijilik mümkinçilikleriniň artmagyna täze itergi bermäge, Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap mundan beýläk-de öňe gitmegine goşant goşmaga gönükdirilendir.

(TDH)