
Demokratiýa we aýanlyk — saýlaw ulgamynyň ýörelgeleri
Aşgabat, 7-nji iýul (TDH). Şu gün ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.
Ir sagat 7:00-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Olar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýar edildi. Ses bermäge ilkinji gezek gatnaşan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.
Saýlawlara gözegçilik eden synçylaryň pikirine görä, bu çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňyn syýasatyny amala aşyrmagyň, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim boldy. Ol türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Milli parlamentde öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugyna watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we abraýdan peýdalanýan raýatlar dalaşgärlik etdiler. Dalaşgärleriň hatarynda döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň hünärmenleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary bar.
Mejlisiň deputatynyň bir ornuna syýasy partiýalardan, raýatlar toparlaryndan birnäçe dalaşgär bellige alyndy. Şeýlelikde, bu günki saýlawlar, ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik, aýanlyk ýörelgelerinde geçdi.
Ähli saýlaw uçastoklarynda milli synçylar saýlawlaryň barşyna gözegçiligi amala aşyrdylar. Olaryň baha bermegine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda geçdi. Käbir uçastoklarda saýlawlaryň barşy onlaýn usulda görkezildi. Islendik adam amatly nawigasiýa arkaly merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda ses bermegiň barşyna syn etmek mümkinçiligine eýe boldy.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna — sagat 19:00-a çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 91,32 göterimi gatnaşdy.
Toparyň beren maglumatyna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen, ses sanamak işi başlandy. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.
Şeýlelikde, şu gün geçirilen jemgyýetçilik-syýasy çäre demokratik özgertmeleri ilerletmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup, ol Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.