TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Metbugat habarnamasy

Gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri barada

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, köp ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda iki tarapa hem bähbitli bolan gatnaşyklary ösdürýärler. Türkmen gazyny Eýrana, onuň çäkleriniň üsti bilen üçünji ýurtlara ibermek ugrunda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ösdürmekde berk esas bolup hyzmat edýär.

Gaz ibermek babatda netijeli özara hereketleri alyp barmak üçin bar bolan uly mümkinçilikleri mundan beýläk-de ulanmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 1 — 3-nji iýuly aralygynda Aşgabat şäherinde türkmen we eýran taraplarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň dowamynda meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça türkmen we eýran tarapy ýylda 10 milliard kub metre çenli möçberde tebigy gazy satyn almak-satmak hakynda şertnama gol çekdiler. Şol tebigy gaz Eýran Yslam Respublikasynyň çäkleriniň üsti bilen, “swap” usulynda Türkmenistandan Yrak Respublikasyna iberiler.